Şu gün paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen maslahat ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy.
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýakyn we orta geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, innowasiýalaryň ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ösüşiniň özeni bolmalydygyny nygtaýar. Onuň esasynda bolsa, ilkinji nobatda, ylym we bilim hem-de halkara gatnaşyklar bar. Munuň özi diňe bir täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda däl, eýsem, milli ylym we bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda-da ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmyň önümçilige işjeň goşulmagy babatynda öňde goýan wezipeleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň himiýa institutynyň alymlarynyň işleriniň netijesinde öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmynyň ilkinji nobatdaky we geljegi uly wezipelerine ünsi çekip, milli ykdysadyýetimizi hem-de onuň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen depginli ösdürmek maksady bilen Diýarymyzyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemek we özleşdirmek boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtaýar.
Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty Durdymyrat Gadamow Türkmenistanyň günbatar sebitlerindäki ýanardag gelip çykyşly bazalt magdanynyň ummasyz gorlary kompozit serişdeleri öndürmek babatda giň mümkinçilikleri açýar diýip pikir edýär.
Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy- köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy.