Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Türkmenistanda bitewi ylmy-tehniki syýasaty ýöretmek, ylmyň iň täze gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, ylmy-tehniki ösüşiň döwlet maksatnamalaryny işläp düzmek hem-de yzygiderli we netijeli durmuşa geçirmek boýunça iş alyp barýan edaradyr.
Ylymlar akademiýasynyň esasy wezipeleri şular bolup durýar:
— döwletiň ylmy-tehniki syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek;
— ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşini çaklamak we olaryň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek;
— ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagy gazanmak we ylmy-tehniki maksatnamalary utgaşdyrmak;
— ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň talaplaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, düýpli we amaly ähmiýetli ylmy barlaglary, tejribe-konstruktorçylyk we tehnologik barlaglary guramak, geçirmek hem-de olary maliýeleşdirmegiň ýollaryny gözlemek;
— ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak;
— ylym we tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmegiň ugurlaryny hem-de dünýä ylmynyň ösüş ugurlaryny göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan 6 sany ugry kesgitlenildi we Hökümet tarapyndan tassyklanyldy:
1. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika.
2. Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika.
3. Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary.
4. Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary.
5. Innowasion ykdysadyýet.
6. Ynsanperwer ylymlar.
Türkmenistanda ylmy barlaglar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ylmy institutlarynda we merkezlerinde, ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilýär.
Ylymlar akademiýasy, pudaklaýyn tabynlygyna garamazdan, Türkmenistanyň ylmy-barlag edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy işini düzgünleşdirýär we oňa gözegçilik edýär.
Ylymlar akademiýasynyň düzüminde:
1. Ynsanperwer we ykdysady ylymlar;
2. Lukmançylyk, biologiýa we oba hojalyk ylymlary;
3. Fizika-matematika, himiýa, geologiýa we tehniki ylymlar müdirlikleri bar bolup, olar ylmyň degişli ugurlarynda düýpli ylmy barlaglaryň ösdürilişine, akademiki we pudaklaýyn ylmy edaralarda geçirilýän ylmy barlaglaryň ýagdaýyna we olaryň işlerinin netij elerinin ylmy derej esine gözegçilik edýärler.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagynda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça düýpli we amaly ylmy barlaglary ýerine ýetirýän 5 sany ylmy institut bar:
1. Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty.
2. Taryh we arheologiýa instituty.
3. Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty.
4. Himiýa instituty.
5. Tehnologiýalar merkezi.
Şeýle hem, Ylymlar akademiýasynyň düzüminde: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Merkezi ylmy kitaphana, «Ylym» neşirýaty we «Ylym» çaphanasy bar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy «Türkmenistanda ylym we tehnika» žurnalyny neşir edýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýär. Akademiýanyň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetinden we hojalyk hasaplaşygynda amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglaryň maliýeleşdirilişini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Ylymlary ösdürmegiň gaznasy» döredildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 29-dan Allaberdy Aşirow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesine saýlanyldy. (Çeşme)
Salgysy: 744000, Aşgabat, Türkmenistan, Bitarap şaýoly, 15
Tel:(+993) 12 94 10 77
Faks:(+993) 12 94 29 32
e-poçta: ast.info@science.gov.tm