Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy

Biz hakda

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Türkmenistanda bitewi ylmy-tehniki syýasaty ýöretmek, ylmyň iň täze gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, ylmy-tehniki ösüşiň döwlet maksatnamalaryny işläp düzmek hem-de yzygiderli we netijeli durmuşa geçirmek boýunça iş alyp barýan edaradyr

Himiýa instituty

34-05-08
chem.institute@science.gov.tm

Giňişleýin
Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty

(+99312) 940749
(+99312) 942925
inseit@online.tm

Giňişleýin
Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty

+99312 940177
+99312 940177

Giňişleýin
Taryh we arheologiýa instituty

+99312 94-08-22
aarheologiya.tm@yandex.ru

Giňişleýin

Tehnologiýalar merkezi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini emele getirýän innowasion binýatlaryň esasy düzüjileriniň biridir.

Giňişleýin

Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Giňişleýin

Merkezi ylmy kitaphana

Giňişleýin

«Ylym» neşirýaty

Giňişleýin

«Ylym» çaphanasy

Giňişleýin

Habarlar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 2024-nji ýylyň 12 – 13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ylymlar gününe bagyşlanyp gibrid görnüşde geçirilýän halkara ylmy konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar
Giňişleýin
“Geçiş ykdysadyýetli döwletler üçin senagat telekeçiligini dolandyrmakda magistr maksatnamasyny kämilleşdirmek” MIETC boýunça işler ýerine ýetirildi
Giňişleýin
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşiginiň geçirilýändigi barada
Giňişleýin

Žurnallar

Türkmenistanda ylym we tehnika

Türkmenistanda ylym we tehnika

«Türkmenistanda ylym we tehnika» žurnaly

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň «Türkmenistanyň ylym we tehnika» (ozalky ady «Türkmenistan YA-nyň habarlary») žurnaly 1999-njy ýylyň 1-nji martyndan bäri neşir edilýär.

Žurnalyň üç sany: jemgyýetçilik ylymlary; biologiýa ylymlary; fizika–matematika, tehniki, himiki we ekologiki ylymlary bölümleri bar.

Jemgyýetçilik ylymlary bölüminde Türkmenistanda ylmyň ösüş derejesi, gazanýan üstünlikleri, geljegi baradaky, taryhy meseleleri baradaky, bilmiň meselelerine, medeniýete we sungata, türkmen halkynyň diline we edebi mirasyna degişli makalalar çap edilýär.

Žurnalyň sahypalarynda milli ykdysadyýetde bolýan ögzerişler, agrar gatnaşyklar, bazar şertlerinde sosial sferanyň hereket edişi öz beýanyny tapýar.

Biologiki ylymlar böleginde dürli meseleler boýunça düýpli we amaly ylmy barlaglaryň netijeleri barada makalalar çap edilip, olarda: Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi, onuň gelip çykyşy, fiziologiýasy, genetikasy, seçgisi, haýwanat dünýäsi, haýwanat dünýäsiniň ekologiýasy barada beýan edilýär.

Fizika–matematika, tehniki, himiki we geologiki ylymlar bölüminde ylmy institutlarda, edaralarda alnyp barylýan barlaglaryň netijelerini beýan edýän makalalar çap edilýär.

«Türkmenistanda ylym we tehnika» žurnaly dürli hünärdäki ylmy işgärler, mugallymlar, talyplar üçin niýetlenilendir.

Žurnal ýylda 6 gezek çykýar. Žurnal, abuna ýazylyşygy boýunça ýaýradylýar.

Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy

Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy

«Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly barada

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň saýtynda ýerleşdirilen «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly syn berilýän, sahypalarynda ýaş alymlaryň ylmy makalalary çap ediljek neşirdir.Žurnalyň esasy maksady ýurdumyzyň ýaşlaryny ylma çekmäge, olaryň ylym bilen gyzyklanmak höweslerini artdyrmaga, olarda öz ylmy barlaglaryna döredijilikli we erjel çemeleşmek ukyplaryny ösdürmäge, ylym ulgamynda professional derejelere ýetmeklerine goldaw bermäge gönükdirilendir.

Bu ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyň sahypalarynda hormatly Prezidentimiziň ylmy işlere has ukyply ýaşlary çekmek, ýurdumyzda alymlaryň ýaş neslini kemala getirmek baradaky taglymatlaryna laýyklykda aspirantlaryň, doktorantlaryň, dalaşgärleriň, ylmy işgärleriň, mugallymlaryň, talyplaryň we ýaş hünärmenleriň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy barlaglarynyň netijeleri baradaky makalalary çap ediler. Ýaş alymlaryň öňe sürýän teklipleri we taslamalary, ylmy-amaly barlaglaryň wajyp ugurlary, ylmy-nazary maglumatlarbu Internet žurnalda öz beýanyny tapar.

Žurnalyň her ýylda dört sany Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň www.science.gov.tm atly resmi saýtynda okyjylar köpçüligine ýaýradylar.

Şu žurnalyň maglumatlaryndan peýdalanmak oňa salgylanmak arkaly mümkindir.

Žurnalyň redaksiýasynyň salgysy — Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan köçesi, jaý 15. Telefon belgisi: 94-30-55, 94-01-68, e-mail: yashalymlarjurnal@gmail.com

Çölleri özleşdirmek meseleleri

Çölleri özleşdirmek meseleleri

«Çölleri özleşdirmek meseleleri» žurnaly

ÝUNEP we ESKATO çarçuwasynda Türkmenistanyň çöller institutynyň taýýarlaýan “Çölleri özleşdirme meseleleri” – halkara ylmy-amaly žurnaly 1967-nji ýyldan bäri çykýar. Ylmy barlaglaryň esasy netijeleri we dünýäniň aridli ýerlerini özleşdirme tejribeleri beýan edilýän žurnal dünýäda az neşir edilýän žurnallaryň biridir, onuň döwürleýinligi - ýylda 4 san, göwrümi - 8 çap kagyz, çykarymy - 300 nusga.

Žurnal rus dilinde çykýar, 1980-nji ýyldan 1999-njy ýyla çenli Amerikada “Allerton-Press” neşirýaty iňlis dilinde çykýar. Şonuň netijesinde žurnal uly meşhurlyk gazanýar, Merkezi Aziýada we çet ýurtlarda 100-den gowrak salgylarda giňden ýaýraýar. Redaksion toparynyň agzalarynyň we işjeň ýazarlaryň arasynda Orsyýetiň, ABŞ-nyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Yzraýylyň, Saud-Arabystanyň, Müsüriň we Merkezi Aziýanyň görnükli çöl öwrenijileri – alymlaryny görmek bolýar.

Žurnalyň sahypalarynda ulgamlaýyn nusgalyk ylmy we ylmy-amaly materiallary çap edilýär, ekologik heläkçilige sezewar bolan sebitlere, hususanda Aral we Aral ýakasyna aýratyn üns berilýär. 1999-njy ýyldan başlap žurnalda “Aral we onuň meseleleri” atly ýörite bir bölüm döredildi.

Žurnal ÝUNEP, GTS, PROON-yň maliýe goldawy bilen Aşgabat şäherinde neşir edilýär. žurnalyň redaksiýasy Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň jaýynda ýerleşýär.

Žurnalyň salgysy: 744000, Türkmenistan, Aşgabat ş. Bitarap Türkmenistan , 15, tel.: /99312/ 94-14-05.

Miras

Miras

«Miras» ylmy-köpçülikleýin (populýar) žurnal

Türkmen, rus we iňlis dillerinde çapdan çykýan ylmy-köpçülikleýin (populýar) žurnal. Onuň sahypalarynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň we Gündogaryň medeni mirasyna degişli bütin dünýä alymlaryň we hünärmenleriniň makalalarty ýerleşdirilýär. (neşir edilýär).

Döwürleýinligi: Žurnal ýylda dört gezek çykýar.

"Miras" žurnalynyň redaksiýasy
Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., 744000,
Puşkin köç., 13-nji "A" jaýy,
e-mail: antmiras@gmail.com
tel./faks: 94-01-77, 93-01-72.