Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 2024-nji ýylyň 12 – 13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ylymlar gününe bagyşlanyp gibrid görnüşde geçirilýän halkara ylmy konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 2024-nji ýylyň 12 – 13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ylymlar gününe bagyşlanyp gibrid görnüşde geçirilýän "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar" atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar.
Ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.

Ylmy maslahatyň tematiki ugurlary:

  1. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika;
  2. Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika;
  3. Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary;
  4. Häzirki zaman lukmançylygy we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary;
  5. Innowasion ykdysadyýet;
  6. Ynsanperwer ylymlar.

Ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin degişli şertleri we talaplary berjaý etmelidirler.

Ylmy maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gyçgaça beýanlary we annotasiýalary 2024-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär.
Düzgünlere laýyk gelmeýän we bellenilen möhletden soň tabşyrylan işlere garalmaýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 94-13-37.

Halkara ylmy maslahatyň Guramaçylyk topary

"Ylymlar güni" mynasybetli geçirilýän "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar" atly halkara ylmy maslahata gatnaşmagyň
  1. Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänleriň her biri maslahata diňe bir nutuk hödürläp biler we awtorlar ikiden köp bolmaly däldir. Işiň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly.
  2. Maslahata gatnaşmak üçin nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalary taýýarlanylmaly. Nutugyň gysgaça beýany ylmy maslahatyň iş dilleriniň birinde, annotasiýalar bolsa beýleki iki dilde bolmaly.
  3. Maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň türkmen we rus dillerine terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler.
    • 3.1 Maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly.
  4. Daşary ýurtly gatnaşyjylar maslahatda etjek çykyşlarynyň tekstini taýýarlamaly we Guramaçylyk toparyna ibermeli (5-10 minutlyk doklad, 5-6 sah.).
  5. Maslahata ýerli gatnaşyjylaryň ylmy işiniň gysgaça beýany we annotasiýalar awtoryň işleýän edarasynda seredilmeli we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat üsti bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna iberilmeli. Hata nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň elektron görnüşleri goşulmaly.
  6. Iberilen resminamalaryň mazmunyna awtorlar şahsy jogapkärçilik çekýärler.
  7. Maslahata gatnaşmak üçin hasaba alnyş görnüşi doldurylmaly (adaty şrift, Times New Roman, 12 pt):
  8. 1 Familiýasy  
    2 Ady
    3 Atasynyň ady
    4 Wezipesi
    5 Alymlyk derejesi, ady
    6 Işleýän ýeriniň doly ady
    7 Işleýän ýeriniň salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli)
    8 Iş telefony, elektron salgysy
    9 Nutugyň ady (baş harplar bilen ýazmaly däl)
    10 Nutugyň tematiki ugry
    11 Nutuk haýsy dilde taýýarlandy
  9. Daşary ýurtly gatnaşyjylar hasaba alnyş görnüşini, degişli resminamalary, ylmy işiň gysgaça beýanyny, annotasiýasyny we dokladyny elektron görnüşde aşakdaky elektron salgylaryna ýollamaly:

  10. conference.tkm.june2024@gmail.com

    conference.tkm.june2024@sanly.tm

  1. Nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 (210×297 mm) formatda 1,5 sahypadan geçmeli däl, annotasiýalaryň her biriniň möçberi 0,5 sahypa çenli bolmaly.
  2. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm. Oriýentasiýasy – "kitap" görnüşli, şrifti – Times New Roman, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1
  3. Ylmy işiň aýratynlyklaryna baglylykda nutugy şekiller, formulalar we tablisalar görnüşinde beýan etmäge ýol berilýär. Bu ýagdaýda her bir şekil sahypanyň görkezilen ölçeglerinden çykmaly däl, şrifti bolsa 14-den kiçi bolmaly däl. Nutugyň gysgaça beýanynyň umumy göwrümi şekiller, formulalar we tablisalar bilen bilelikde A4 formatdaky 1,5 sahypadan geçmeli däl.
  4. Maslahata elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Word for Windows formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen).
  5. Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlda saklanylmaly hem-de aşakdaky görnüşde bolmaly:
    • awtoryň ady, familiýasy sahypanyň sag gyrasy boýunça deňlemek bilen 14 lik şriftde setir harplar bilen goýy gara ýazylmaly, döwletiň ady ýaýyň içinde görkezilmeli;
    • eger nutugyň iki awtory bar bolsa, ilki çykyş edýäniň ady, familiýasy görkezilmeli;
    • nutugyň, gysgaça beýanyň we annotasiýalaryň atlary baş harplar bilen 16 lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly we setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli;
    • nutugyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmazdan öň 1 setir goýbermeli.
    nusga şu ýerde.
  6. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalaryň tekstleri setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Matematiki formulalar degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly
  7. Nutugyň gysgaça beýanynyň we annotasiýalarynyň sahypalary belgilenilmeýär.
  8. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işlere garalmaýar.
  9. Iş tabşyrylandan soňra hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär.
  10. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça iş ylmy maslahata goýberilmän bilner.
  11. Tabşyrylan resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.
Nutugyň gysgaça beýanynyň nusgasy.(ÝÜKLE)

Sergeý Abaseýew,
(Türkmenistan)
Koiçi Hasegawa,
(Ýaponiýa)

AŞGABAT ŞÄHERINDE BOLMAGY MÜMKIN ÝERTITREMELERIŇ ULULYKLARYNA BAHA BERMEK



Tekst …………………

(Times New Roman şrifti, ölçegi – 14 pt, setir arasy – 1)

Üns beriň!
  • Nutugyň gysgaça beýany we annotasiýalar bir faýlyň içinde ýerleşdirilmeli. Faýlyň ady çykyş edýäniň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «tez» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, çykyş edýän – Ataýew Nurmyrat, faýlyň ady – «Ataýew N. tez». Nutuk aýratyn faýlda iberilmeli
  • Hasaba alnyş görnüşleri nutugyň ähli awtorlary tarapyndan doldurylýar we bir faýlda ýerleşdirilýär. Ilki bilen ylmy maslahatda çykyş edýäniň, soňra awtordaşyň hasaba alnyş görnüşleri ýerleşdirilýär. Hasaba alnyş maglumaty üçin faýlyň ady awtoryň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we «reg» diýen harplary özünde jemlemeli. Mysal üçin, «Ataýew N. reg»
  • Faýllary arhiwirlemeli däl!


Guramaçylyk topary