Türkmenistanyň we türkmen halkynyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhynyň, arheologik ýadygärliklerimiziň, milli etnografiýa gymmatlyklarymyzyň öwrenilişini toplumlaýyn alyp barmak, halkymyzyň öz geçmişine bolan buýsanjyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutyny hem-de Arheologiýa we etnografiýa institutyny goşup, olaryň binýadynda Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty döredildi.
Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň hem-de Arheologiýa we etnografiýa institutynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.
Ylymlar akademiýasyna Taryh we arheologiýa instituty hakyndaky düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.\
Aşgabat ş., 744000, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, j. 18
Tel: (+99312) 94-08-22