Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň tassyklanan Düzgünnamasyna laýyklykda institut aşakdaky wezipeleri çözmek ugrunda işleri alyp barýar:

  • ýertitremeleriň taýýarlyk hadysasy hem-de häzirki zaman geodinamik hadysalar bilen bagly bolan üýtgeşmeleri öwrenmek maksady bilen gözegçilikler usulyýetini işläp düzmek, seýsmik işjeňligiň, geofizik meýdanlaryň, flýuidodinamik we geohimik ululyklaryň (parametrleriň) monitoringini kämilleşdirmek we geçirmek;
  • düzgünli gözegçilikleriň we monitoring maglumatlarynyň netijeleriniň esasynda ýertitreme ojagynyň fizikasy, sebit seýsmologiýasy we ýer gabygynyň häzirkizaman geodinamikasy boýunça düýpli we amaly barlaglary alyp barmak;
  • seýsmik howpa baha bermegiň (şol sanda, Türkmenistanyň çäkleriniň seýsmik depginliliginiň (intensiwliginiň) şkalasyny) ylmy usullaryny işläp düzmek, çäkleri dürli jikme-jiklikde seýsmik etraplaşdyrmak (umumy, anyk we mikroetraplara bölmek);
  • tehnogen ýertitremeleriň bolup bilmek ähtimallygyny kesgitlemek maksady bilen gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň senagat taýdan işlenilýän etraplarynyň we gurluşyk obýektleriniň alnyp barylýan ýerleriniň geodinamikasyny we seýsmik işjeňligini öwrenmek;
  • ýertitremeleriň öňünden bolup geçýän anomal hadysalary gözlemek maksady bilen litosfera-ionosfera baglanyşyklaryny öwrenmek;
  • gurluşyk üçin saýlanyp alnan meýdançada inženerçilik-geologik gözlegleri geçirmek, şol meýdançalaryň inženerçilik-geologik şertlerini we inženerçilik-seýsmologik häsiýetlerini toplumlaýyn öwrenmek we seýsmikligi barada netijenamalary bermek;
  • Institutyň Seljeriş geňeşiniň işçi topary tarapyndan seýsmik howpa baha bermek boýunça netijenamalary taýýarlamak we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparyna tabşyrmak;
  • Seýsmologik maglumatlar we ylmy barlaglaryň netijelerini alyşmak ulgamynda halkara seýsmologik guramalar we merkezler bilen hyzmatdaşlyk etmek.

744000, Aşgabat ş., T.Berdiýew (1994) köçesi, 20a

Tel.:(+99312) 940749

Faks: (+99312) 942925

E-mail: Insight@online.tm