«Ylym» çaphanasy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” çaphanasy çapdan soňky we jiltleme işleri bilen meşgullanýar. “Ylym” çaphanasy türkmen alymlarynyň ylmy ösdürmekde gazanan goşantlaryny önümçilige ornaşdyrmak üçin monografiýalaryny, ylmy makalalaryň ýygyndylaryny, Ýaş alymlar we talyplar üçin ýokary okuw mekdepleriň okuw kitaplaryny we gollanmalaryny, halkara ylmy maslahatyň tezislerini, kitaplaryny, sözlükleri, Türkmenistanda dürli pudaklarda ulanylýan gollanmalary we blankalary, “Türkmenistanda ylym we tehnika” ylmy-nazaryýet žurnalyny çap edýär we başgada ylalaşylan tertipde çap işlerini ýerine ýetirýär.

Aşgabat şäheri, Bitarap Türlmenistan köçesi, 15-nji jaýy

Tel: (+99312) 94-09-72