Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty türkmen dilini, edebiýatyny hem-de golýazma mirasyny ylmy esasda çuňňur öwrenilmegini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 1085 belgili Karary esasynda döredildi.

Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň öňünde geljekde derwaýys wezipeleriň hatarynda ene dilimiziň hem-de edebiýatymyzyň häzirki zaman ýagdaýlaryny we taryhyny düýpli öwrenmek; halk döredijiligi, ata-babalarymyzdan miras galan ygtybarly golýazma çeşmeleri esasynda geçirilen derňewleriň ylmy netijeliligini gazanmak; müňýyllyklaryň dowamynda dörän ynsan aň-paýhasynyň, akyl-düşünjesiniň ajaýyp miweleri bolan golýazma nusgalaryny daşary ýurt ylmy merkezlerinden we ýurdumyzyň çäklerinden toplamak hem-de täze tehnologiýalary ulanmak arkaly olary dikeltmek, rejelemek we abat saklamak, ylmy esasda öwrenmek boýunça işleri guramak, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň tassyklap beren Döwlet maksatnamalary boýunça Etrek-Gürgen, Ahal-Sarahs, Mary-Hyrat, Lebap-Balh, Köneürgenç-Horezm mekdepleri esasynda nusgawy akyldarlarymyzyň döreden eserlerini we türkmen edebiýatynyň gadymy taryhyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmek babatynda maksatnamalaýyn işleri ýerine ýetirmek wezipeleri durýar.

Häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň düzümindäki 8 sany bölüm, Fonetika barlaghanasy hem-de “Miras” žurnaly netijeli ylmy-barlaglaryň, barlaghana derňewleriniň, rejeleýiş işleriniň göwnejaý alnyp barylmagyna doly mümkinçilikler döredýär.

744000, Aşgabat ş., Puşkin köçesi 13a

Tel: (+99312) 940177

Faks: (+99312) 940172

Web: http://demgi.gov.tm