Düýn, iýun aýynyň 6-syna indi ýurdumyzda däp bolup gelýän, her ýyl uly dabara bilen iýun aýynyň 12-sine geçirilýän ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň mejlisler zalynda aspirantlaryň we doktorantlaryň ylmy amaly maslahaty geçirildi.
Geçirilen maslahatyň işine ýurdumyzyň birnäçe ylmy edaralarynyň aspirantlary we doktorantlary, Ylymlar Akademiýasynyň wekilleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahatyň esasy maksady ylmyň we tehnikanyň ileri tutýan ugurlary boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.
Maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Fizika-matematika, himiýa, geologiýa, tehniki ylymlar müdirliginiň başlygy, akademik-kätip, tehniki ylymlaryň doktory Esedullaýew Rahmangulynyň Ylymlar güni mynasybetli maslahata gatnaşyjylara gutlag sözünden başlandy.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň birnäçesi çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda özleriniň wekilçilik edýän ylmy guramalarynda geçirilýän barlaglaryň esasy ugurlary, berkarar Watanymyzyň ählumumy ösüşleri we ylym ulgamynyň gurluşy, ýurdumyzyň ylymda-bilimde gazanýan ösüşleri, täze innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak üçin alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Ylmy amaly maslahatyň dowamynda halypa mugallymlar bilen aspirantlar we doktorantlaryň arasynda diýseň täsirli sorag-jogap alyşyldy, şeýle-de ýaş alymlara öz işlerini üstünlikli amala aşyrarlary ýaly degerli maslahatlar berildi.
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty Nepesowa Altynjemal