Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Hubeý prowinsiýasynyň Huaçžun ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň Halkara bilim institutynyň gurnamagynda 2026-njy ýylyň 10-17-nji oktýabry aralygynda geçirilen “Ylym we tehnologiýalar boýunça Türkmenistanly ýaş hünärmenler üçin emeli aň we innowasion tejribeler” atly okuw maslahatyna gatnaşdylar.
Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň emeli aň ulgamynda Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen bu möhüm ylmy-tehniki alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşylmagy - sanly ykdysadyýeti we gülläp ösýän Watanymyzyň innowasion mümkinçiliklerini öňe ilerlemegine ukyply ýokary derejeli kämil hünärmenleri ýetişdirmek barada Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasynyň aýdyň subutnamasydyr. Geçirilen baý mazmunly okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň ýaş alymlary dünýä derejesindäki öňdebaryjy ýokary tehnologiýaly kompaniýalara we esasy ylmy-barlag laboratoriýalaryna baryp gördüler.