Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil-edebiýat, taryh we pedagogika ylymlary bölüminde taýýarlanan “Garaşsyzlyk döwründäki türkmen romanlarynyň poetikasy” atly monografiýa çapdan çykdy.

Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna bagyşlanyp çapa taýýarlanan bu monografiýada türkmen edebiýatynyň iri kyssa eserleri bolan roman žanrynyň ösüşi, onuň ösüşine uly goşant goşan ýazyjylaryň döredijilik ussatlygy, romanlarynyň poetikasy, ýagny ideýa-tematikasy, kompozisiýasy, çeper keşpler ulgamy, milli häsiýet we milli psihologiýa, çeper psihologizm, romanlaryň dil baýlygy türkmen we dünýä edebiýaty öwreniş ylmynyň gazananlarynyň nukdaýnazaryndan seljerilýär we ylmy-nazaryýet garaýyşlar öňe sürülýär.

Filologiýa ylymlarynyň doktory Myrat Tuwakowyň awtorlygynda çap edilen bu kitap türkmen edebiýatyny, iri kyssa eserleri bolan roman žanry we ösüşini öwrenýän edebiýatçylar, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, aspirantlar, dalaşgärler, doktorantlar we türkmen edebiýaty hünäri boýunça bilim alýan talyplar üçin ylmy-nazaryýet taýdan gollanma bolar.