Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda 2024-nji ýylyň 17-nji dekabrynda “Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” – ylymlaryň şamçyragydyr” atly ylmy-amaly maslahat üstünlikli geçirildi. Ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň akademiki we pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, ylmy işgärleri, professor-mugallymlary, şeýle hem aspirantlar, doktorantlar we ylymlaryň kandidaty hem-de doktory alymlyk derejelerine dalaşgärler gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatyň dabaraly açylyşy 2024-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirildi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, şeýle hem türkmen halkynyň taryhy we milli medeni gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirow alyp bardy. Maslahatyň başynda ol maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem‑de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzy we bütin türkmen halkyny Alym Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Ol Alym Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň neşir edilip, halka ýetirilmeginiň taryhy ähmiýeti aýratyn nygtady. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan döwrebap usulda, türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitabyň sahypalarynda ýokary hilli fotosuratlaryň ýerleşdirilendigi onuň täsirliligini has-da artdyrýandygyny buýsanç bilen belledi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halk bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriň durmuşa ornaşdyrylýandygyny nygtady. Gözbaşyny ençeme ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan gadymy hem şöhratly taryhynda ençeme medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň şöhratly taryhyny ylmy esasda öwrenmekde, gymmatly maglumatlary şu günki we geljekki nesillere ýetirmekde uly işler durmuşa geçirilýändigini belläp, bu babatda Alym Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň kitaplary ylmy taglymat bolmak bilen, täze ylmy barlaglara we ylmy ösüşlere giň ýol açýandygyna ünsi çekdi.
Aýratyn hem, Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi”, “Hakyda göwheri”, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplarynyň gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen topragynda emele gelen Änew, Nusaý, Dehistan, Marguş, Merw, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abywerd ýaly köp sanly medeni ojaklar, şol döwürlerdäki meşhur alymlaryň, akyldarlaryň, söz ussatlarynyň ylmyň, edebiýatyň ösmegine goşant goşantlary, özlerinden soňky nesillere goýan mirasy baradaky taryhy maglumatlar bilen tanyşmakda gymmatly çeşmedigini belledi.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Alym Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynda gadymy grek-rim alymlarynyň, türkmen topragyna syýahat eden arap, pars taryhçylary, jahankeşdeleriniň taryhy ýazgylarynyň, türkmen topragynda dürli döwürlerde arheologik gazuw-agtaryşlary geçirip, gymmatly tapyndylary dünýä ýaýan meşhur taryhçy we arheolog alymlarynyň ylmy işleriniň esasynda ylmy-filosofik garaýyşlaryny beýan edendigini bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda Änewiň gadymy depelerinde meşhur Amerikaly arheolog R. Pampelliniň ýolbaşçylygynda geçirilen gazuw-barlag işleriniň dowamynda ak bugdaýyň däneleri ýüze çykarylandygyny we bu topragyň Ak bugdaýyň mekany hökmünde ykrar edilendigini, şeýle hem akademik W. I. Sarianidi tarapyndan Merwiň çägindäki Marguşda ýüze çykarylan ajaýyp tapyndylaryň esasynda, gadymy döwürde türkmen topragynyň Mesopotamiýa, Müsür, Hindistan we Hytaý ýaly dünýäniň irki siwilizasiýa merkezleriniň biri bolandygynyň ylmy esasda subut edilendigini buýsanç bilen nygtaýar. Alym Arkadagymyzyň bu kitaby iki bapdan ybarat bolup, birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly bolan, saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda, ikinji babynda bolsa ruhy-medeni mirasymyzyň köp öwüşginli gymmatlyklary hakda täsirli söhbet açylýandygyny, bu kitabyň ylym-bilim ulgamynyň täze derejelere çykarmakda we ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly gollanmadygyny buýsançly bellediler.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisiniň işi tamamlanandan soňra, bölümleriniň işi günüň ikinji ýarymynda geçirildi.
Ylmy-amaly maslahatyň “Hormatly Prezidentimiziň hem-de Alym Arkadagymyzyň eserleri – gymmatly hazyna” atly I bölümi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň kiçi zalynda, “Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” – taryha syýahat” atly II bölümi öz işini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň mejlisler zalynda, “Hakyda göwheri” – Arkadag paýhasy” atly III bölümi öz işini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň mejlisler zalynda alyp bardy.
Maslahata gatnaşyjylar Milli Liderimiziň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlygyny, şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzy, gadymy oguz edebiýatyny öwrenmekde gymmatly çeşme bolup durýar diýip bellediler. Türkmeniň baý taryhy maglumatlaryny özünde jemleýän eseriň türkmen we iňlis dillerinde çap edilmegi örän buýsançlydyr. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän “Hakyda göwheri” atly eseriniň hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda halkymyza ýetirilmeginiň hem uly manysy bar. Bu kitapda Oguz han, Gorkut ata, Görogly, Mahmyt Zamahşary, Nurmuhammet Andalyp, Şabende, Magtymguly Pyragy ýaly taryhda yz galdyran beýik şahsyýetleriň umumadamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşantlary we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen baý maglumatlar beýan edilýär.
“Hakyda göwheri” atly kitap diňe bir gymmatly taryhy maglumatlaryň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Berkarar döwletimiziň eşretli zamanasyna buýsanjyň beýany bolup durýandygy çykyşlarda nygtaldy. Milli Liderimiziň täze kitabynda: “Ynsany bagtyýarlyga eltýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr” diýilmegi taryha, milli mirasa, beýik şahsyýetlere bolan buýsanç duýgusyny artdyrýar. Ylmy-amaly maslahatyň “Hakyda göwheri” – Arkadag paýhasy” atly III bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” kitabynyň milli medeni, ruhy gymmatlyklara bolan buýsanjy, sarpany artdyrýandygy, ýazuwymyzyň taryhyny öwrenmekde egsilmez çeşme bolup, beýik şahsyýetlerimize sylag-hormaty has-da güýçlendirýändigi bilen bagly çykyşlar örän çuňňur manylara baý boldy. Çünki, şöhratly taryhy sarpalamak, ata-babalarymyzdan miras galan ruhy gymmatlyklary nesilden-nesle geçirmek milletiň beýgelmegine, jemgyýetiň jebisleşmegine, döwletimiziň berkemegine ýol açýan ýörelgedir. Türkmeniň taryhy köküni yzarlamaga berilýän mümkinçilik maslahatdaky ylmy çykyşlarda öz netijesini görkezdi. Bölümiň işi örän täsirli geçip, ýüze çykan ylmy meseleler barada sorag-jogap alşyldy. Çykyş edenleriň ählisi geçirilen ylmy maslahatyň örän täsirli bolandygyny hem-de geljekde özara hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilik döretjekdigini aýtdylar.
Ylmy-amaly maslahatyň bölümleriniň işi netijeli we guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirildi. Alymlar, professor-mugallymlar, doktorantlar, aspirantlar, dalaşgärler täze kitabyň ylmy-amaly ähmiýeti dogrusynda pikir alyşdylar. Alymlaryň gyzykly çykyşlary diňleýjilerde, aýratynda ýaş alymlarda uly täsir galdyrdy.
“Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” – ylymlaryň şamçyragydyr” atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Alym Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň halkymyzyň gadymy taryhyny, edebi hem medeni mirasyny ylmy taýdan öwrenmekde özboluşly ylmy-ensiklopedik gollanma hökmünde peýdalanmagy;
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen giňden wagyz etmegi;
ylmy neşirlerde we metbugatda ylmy-publisistik makalalaryň çap edilmegini;
Alym Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň esasynda ylmy monografiýalaryň, okuw kitaplaryň, gollanmalaryň taýýarlanmagyny teklip etdiler.
Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabyny sowgat berendigi üçin tüýs ýürekden sag bolsunlaryny aýtdylar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleriň hemra bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.