Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Özbegistan Respublikasynyň Innowasion ösüş ministrligi başlangyç ylmy-barlag taslamalarynyň bilelikdäki bäsleşigini yglan edýär

12/01/2023

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Innowasion ösüş ministrliginiň arasyndaky 2022-nji ýylyň 14-nji iýulyndaky başlangyç ylmy-barlag taslamalarynyň bilelikdäki bäsleşigini geçirmek baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy başlangyç ylmy-barlag taslamalaryny bilelikde ýerine ýetirmeklige şu aşakdaky ugurlar boýunça bäsleşigi yglan edýär:

  1. Nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, täze materiallary öwrenmek we energetika.
  2. Biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika.
  3. Häzirki zaman saglygy goraýyşy we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýasy.
  4. Ynsanperwer ylymlar.

Bäsleşige gatnaşýanlara bildirilýän talaplar:

  • Bilelikdäki hödürlenýän taslamalar türkmen we özbek gatnaşyjylary tarapyndan öňünden ylalaşylmaly, soňra Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda 2023-nji ýylyň 31-nji martyna çenli hasaba alynmaly;
  • Taslamalar türkmen we özbek alymlaryndan düzülen toparlar arkaly ýerine ýetirilmeli, onuň düzümine doktorantlar we aspirantlar goşulyp bilner;
  • Taslamanyň ady türkmen we özbek sargytlarynda birmeňzeş bolmaly;
  • Ara alyp maslahatlaşmak üçin diňe bäsleşigiň şertlerine laýyklykda resmileşdirilen taslama teklipleri kabul edilýär;
  • Her bir alyma diňe bir taslama ýolbaşçylyk etmäge rugsat berilýär;
  • Bäsleşige hödürlenýän taslamanyň ady we mazmuny öň ýerine ýetirilen ylmy işler bilen gabat gelmeli däldir. Bu şertiň berjaý edilmegine jogapkärçilik taslamanyň ýolbaşçysynyň üstüne ýüklenýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalar toplumyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan almak mümkin.
Bäsleşige gatnaşmak üçin talaplara laýyk doldurylan resminamalaryň toplumyny aşakda görkezilen salga ibermeli:
744000, Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.
Bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalaryň toplumy 2023-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 94 30 89, 94 14 52
Degişli talaplara we görnüşe laýyklykda resmileşdirilmedik resminamalar toplumy yzyna gaýtarylmaýar.