Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Türkmenistan bilen ÝB-iň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärä gatnaşdy

News Central Asia internet-habarlar saýty “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahatyň birinji mejlisinde türkmen tarapynyň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitländiklerini habar berýär.

Maslahat Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terri Hakalynyň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de hanym Hakala maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş etdiler we Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň başlygy Beata Peksanyň soraglaryna jogap berdiler diýlip habarlarda bellenilýär. 

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary baradaky soraga jogap bermek bilen, Raşid Meredow oňyn gatnaşyklaryň dürli pudaklarda ösýändigini belledi. Şonuň ýaly-da, ähli global, sebit we milli çygyrlarda howpsuzlygyň esasy ähmiýetli ugur bolup, olar bir-biri bilen ýakyn baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň hemişe dünýä parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň tarapdary bolup çykyş edýändigini belledi. Şu ugurlarda Türkmenistan tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýär hem-de terrorçylyga, transmilli jenaýatçylyga, neşetrafigine garşy göreşmäge öz mümkinçilikleriniň çäklerinde goşandyny goşýar.

Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan meseleler Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üns çekilmeli ugurlarynyň biri hökmünde bellenildi. Şeýle-de, energetika, ulag we zaýaçylyksyz aýlaw, ýagny “ýaşyl” ekonomika hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydyr.