2025-nji ýylyň "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2025 nji ýylyň 10 njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Bilim ministrlikleri, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde "Ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkemeginde ylmyň orny" atly ylmy maslahat geçirildi.