GERMANIÝA, BILEFELD
“CirculEC” (Uniwersitetlerde sirkulýar ykdysadyýet we baha döretmek) EC Ýewropa-Merkezi Aziýa taslamasynyň çäginde ilkinji duşuşyk:
Duşuşyk Bilefelddäki (Germaniýa) FHM-den başlanyp, Santýago-de-Kompostelada (Ispaniýa) we Neapolda (Italiýa) dowam edýär.
CirculEC taslamasyna gatnaşýan Merkezi Aziýanyň dört (Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistan) döwletinden ybarat bolan wekiliýet Bilefelde geldi. 22-nji aprelde, duşenbe güni Merkezi Aziýaly 22 sany agzadan ybarat wekiliýet iki gün möhlet bilen FHM-e Bilefelde geldi.
Soňra syýahat Ispaniýada we Italiýada dowam eder. Bu halkara taslama boýunça duşuşygyň esasy maksady taslama gatnaşyjylaryň hakykat ýüzünde ilkinji tanyşlygyndan we Ýewropa ykdysadyýeti nukdaýnazaryna laýyklykda Merkezi Aziýaly hyzmatdaşlara barlaglary geçirmekde we okatmakda sirkulýar bahalary döretmegiň esaslaryny bermekden ybarat bolup durýar.
Taslamanyň 2023-2026-njy ýyllary içine alýan döwründe şu maksatlar amala aşyrylar:
- Merkezi Aziýa uniwersitetlerinde sirkulýar ykdysadyýetiň konsepsiýasynyň integrasiýasy boýunça kurslar guramak;
- Merkezi Aziýa uniwersitetlerinde talyplary we mugallymlary bu tema bilen gyzyklandyrmak üçin sirkulýar ykdysadyýet boýunça leksiýalar, seminarlar, panel diskussiýalar we hakatonlar ýaly çäreleri guramak.
Germaniýada iki günlük meýilnama Fachhochschule des Mittelstandes we onuň barlaglary geçirmekde hem-de okatmakda sirkulýar ykdysadyýetiň alyp barýan işleri boýunça umumy presentasiýasy bilen başlandy.
Bu meýilnama Bilefeldde “Sirkulýar ykdysadyýet” boýunça kursuň meýilnamasyny Merkezi Aziýada ýola goýmak mümkinçiliklerini işlemekden ybarat. Ikinji gün taslama gatnaşyjylara sirkulýar bahany döretmek boýunça FHM taslamasynda bar bolan barlaglar hakyndaky maglumatlar hödürlenildi.
Olar bu ýerde hyzmatdaş bilen iş tejribesi barada söhbetdeş bolmaga mümkinçilik aldylar. Bilefelddäki Lamm çörek kärhanasyndan Mark-Filip Lamm özüniň kompaniýasynda durnukly we sirkulýar bahany döretmek boýunça soraglara jogap berdi.
EC “Sirkulýar Linear 2” taslamasynyň synaglarynyň gözden geçirilişinden soň duşuşyga gatnaşyjylar synagdan geçirilen gurallary we usullary özlerinde synap görmek mümkinçiliklerini aldylar.
Bilelikde geçirilen ikinji gün Bertelsmann Gaznasyndan Armando Garsii Şmidtiň ýurduň syýasy we hukuk ýagdaýlary hakyndaky çykyşy bilen tamamlandy.
Ýewropa we Germaniýa sirkulýar ykdysadyýet temasy hakynda.
Duşuşyk eşidilenleri öz taslamalaryňda integrasiýa etmek we teklipleriň giň spektrinden netijeleri çykarmak üçin dizaýn-pikirlenme formatynda ideýalary işläp düzmek bilen tamamlandy. Gatnaşyjylar çyzgy boýunça işlediler.
Sirkulýar ykdysadyýet sferasynda köp gaýtalanýan şygar:
“Eger biz zatlary sarp ediji däl-de, eýsem, ulanyjy ykdysadyýeti gurup bilsek, onda biz geljegi gurmagy başararys”.
(Ellen Makartur, Fond Ellen Makartur)
ISPANIÝA, Santýago-de-Kompostela
Geçen penşenbe, 25-nji aprelde we anna güni 26-njy aprelde, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan 11 sany uniwersitetiň wekiliýeti, USC Ykdysadyýet we iş dolandyryş fakultetine baryp gördi. Bu sapar Ýewropa Bileleşiginiň Erazmus CBHE maksatnamasy tarapyndan, maliýeleşdirilýän “Circul EC” taslamasynyň çäginde geçirildi. Taslamanyň maksady – Merkezi Aziýanyň bu 11 uniwersitetine, tegelek ykdysadyýet we durnukly ösüş ugurlary boýunça, okuwlary ösdürmäge mümkinçilik bermekdir.
Saparyň ilkinji güni, gatnaşyjylara tegelek ykdysadyýet we durnukly ösüş, şeýle hem uniwersitetleriň zerurlyklaryny we soňraky çekişmeleri kesgitlemek üçin, bilelikdäki mejlis bilen tamamlanan bu temanyň, dürli taraplary barada, bilim bermeklige bagyşlandy. Ikinji gün, CETAQUA - VIAQUA suw tehnologiýa merkezine sapar boldy we oňa gatnaşyjylar, merkeziň müdiri Tereza Alwarinýonyň CETAQUA-nyň işleri we taslamalary baradaky düşündirişlerine gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Şeýle hem, VIRATEC-iň dolandyryjysy Ana Botas, Cluster Gallego Soluciones gatnaşdy. “Ambientales y Economía Circular” (Daşky gurşaw çözgütleriniň we tegelek ykdysadyýetiň Galisiýa topary), özara öwrenişmek üçin, hyzmatdaşlygyň potensial görnüşleri barada netijeli pikir alyşdy. Resmi sapar duşuşygyň netijelerini jemlemek we çäräni ýapmak bilen tamamlandy.
FEDERIKO II: “CIRCULEC” BILEN MERKEZI AZIÝA KÖPRÜLERI
DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA GAZAGYSTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ, TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ UNIWERSITETLERI BILEN HYZMATDAŞLYGY GÜÝÇLENDIRILDI
Federiko II uniwersiteti täze Erazmus + SirkulEC taslamasynyň çäginde Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistandaky 10 sany uniwersitetiniň we gözleg institutynyň kärdeşlerini uly höwes bilen garşy aldy. 2026-njy ýylda tamamlanjak taslama dürli ugurlardaky başarnyklary we bilimleri birleşdirýän dersara çemeleşme bilen durnukly ösüşiň we tegelek ykdysadyýetiň strategiki mowzuklaryna gönükdirilen innowasion uniwersitet, magistr derejesini ösdürmegi maksat edinýär.
Italiýada Aziýaly kärdeşleri bilen, ilkinji duşuşyk 29-njy aprelde, duşenbe güni sagat 10:30-da Raýat we daşky gurşaw inženerçiligi bölüminiň, TeMA barlaghanasynda geçirildi. Duşuşyga Gazagystanyň Alihan Bokeýhan uniwersitetiniň we Ualihan uniwersitetiniň rektorlary, Gündogar Gazagystan Tehniki uniwersitetiniň iki sany prorektory we Täjigistanyň döwlet söwda uniwersitetiniň, şeýle hem gatnaşýan uniwersitetleriň käbir fakultetleriniň dekanlary gatnaşdy.
Taslamanyň ylmy ýolbaşçysy, professor Karmela Gardjulo, inžener Herardo Karpentýeri bilen bilelikde şeýle diýdi: “Merkezi Aziýanyň uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygy, uniwersitetimiz we DICEA bölümimiz üçin, diňe bir nou-hau däl, eýsem gözleg we garaýyş usullaryny hem geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir”. “Bu taslama, durnukly ösüş ýaly strategiki pudakda bilimleri we başarnyklary paýlaşmaga hem-de çalt ösýän geografiki sebit bilen gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berer.”
Aziýaly hyzmatdaşlar “Federician” jemgyýetçiligi bilen mundan beýläk-de, derňewlerde, okuwda we üçünji missiýada sinergiýany giňeltmek bilen hyzmatdaşlyga başlamaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Bu çäre “Federiko II uniwersitetiniň” halkara akademiki panoramasynda salgylanma nokady hökmünde hemişe gymmatly medeni we ylmy ugularda tejribe alyşmagyň halkara ýolunda ýene bir ädim öňe ädýändigini görkezdi.