2026-njy ýylyň 26–28-nji oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde geçirilen Halkara ylymlar akademiýalarynyň assosiasiýasynyň (HYAA) Geňeşiniň 39-njy mejlisinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdy Aşirow assosiasiýanyň akademigi saýlandy. Bu waka türkmen ylmynyň gazananlarynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň we ýurdumyzyň ylmy hyzmatdaşlygynyň gerimleriniň giňeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň wekiliýeti HYAA-nyň Geňeşiniň mejlisine we onuň bilen bir wagtda geçirilen Global Günortanyň görnükli alymlarynyň konferensiýasyna gatnaşdy. Mejlis Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasy tarapyndan Hytaýyň Demirgazyk-Günbatar politehniki uniwersiteti bilen bilelikde guraldy. Geňeşiň mejlisini 26-njy oktýabrda HYAA-nyň ýolbaşçysy, Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň Prezidiumynyň başlygy Wladimir Karanik açdy.
Mejlisiň işine Belarusyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Mongoliýanyň, Wýetnamyň we Kubanyň ylymlar akademiýalarynyň hem-de ylmy merkezleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdy. 1993-nji ýylda döredilen Halkara ylymlar akademiýalarynyň assosiasiýasy ylmy ösüşiň möhüm meselelerini çözmek, fundamental we amaly barlaglaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek, dürli ýurtlaryň ylymlar akademiýalarynyň we iri ylmy merkezleriniň ylmy strategiýalaryny utgaşdyrmak maksady bilen hereket edýär.
HYAA-nyň Geňeşiniň çözgüdi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdy Aşirow assosiasiýanyň akademigi saýlandy. Mejlise gatnaşyjylaryň el çarpmalary astynda oňa HYAA-nyň akademiginiň nyşanlary we diplomy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Alnan ýokary ykrarnama üçin minnetdarlyk sözünde Allaberdy Aşirow şeýle diýip belledi: «Muny diňe öz işimiň däl, eýsem Türkmenistanyň alymlarynyň gazananlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandynyň ykrar edilmegi hökmünde kabul edýärin».
Mejlisiň barşynda Allaberdy Aşirow çykyş etdi. Dokladda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylym we tehnologiýa parkynyň işi, şeýle hem kiberhowpsuzlyk, emeli aň, robototehnika, biotehnologiýa we nanotehnologiýa ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlaýan Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň tejribesi barada gürrüň berildi. Türkmenistanyň 40-dan gowrak ýurt bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyklarynyň bardygy, Hytaý Halk Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň täze derejä çykandygy bellenildi. Munuň aýdyň mysaly hökmünde 13–15-nji oktýabrda geçirilen IV Türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumy agzaldy.
Türkmen tarapy HYAA boýunça hyzmatdaşlara aşakdaky ugurlarda tagallalary birleşdirmegi teklip etdi:
- täze materiallar we himiki tehnologiýalar;
- gaýtadan dikeldilýän energetika;
- ekologiýa we suw serişdeleri;
- biotehnologiýalar we azyk howpsuzlygy;
- maglumat tehnologiýalary we emeli aň.
Mundan başga-da, türkmen tarapy ýaş alymlary goldamagyň bilelikdäki maksatnamasyny döretmek baradaky anyk başlangyç bilen çykyş etdi. Bu maksatnama tejribe okuwlaryny, bäsleşikleri we bilelikdäki taslamalary öz içine almalydyr. Başlangyç ýaş alymlaryň halkara ylmy jemgyýetçilige işjeň goşulmagyna we ylmy-tehniki kuwwatyň geljekde pugtalanmagyna gönükdirilendir.
Türkmen wekiliýetiniň HYAA-nyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidentiniň assosiasiýanyň akademigi saýlanmagy Türkmenistanyň halkara ylmy giňişlikdäki ornunyň pugtalanýandygyny görkezýär. Öňe sürlen teklipler we başlangyçlar sebitiň ylymlar akademiýalary bilen hyzmatdaşlygy täze, has netijeli derejä çykarmaga ýardam eder.