Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Oba hojalyk ministrliginiň wekilleri şu ýylyň 3–10-njy noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolup, gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy, döwrebap oba hojalyk tehnikasy hem-de ösümlikleri goraýyş serişdeleri ugrunda hytaý kärdeşleriniň tejribesi bilen ýerinde tanyşdylar.
Iş saparyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Baş alym kätibi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Rejepgeldi Meredow we Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň hünärmenleri gatnaşdylar. Saparyň maksady Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynda oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň tejribesini, ýokary hasyl berýän gowaça sortlarynyň tohumlaryny, häzirki zaman gowaça ekijilerini, şeýle hem Ýançžou şäherinde öndürilýän ösümlikleri goraýyş himiki serişdelerini öwrenmekden ybarat boldy.
Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň Aksu etrapçasynda türkmen wekiliýeti gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bilen meşgullanýan «Xinjiang Jinfengyuan Seed Co., Ltd» kompaniýasynyň gowaça ekilen meýdanlaryna we gowaça tohumlaryny taýýarlaýan zawodyna baryp gördi. Korla etrapçasynda oba hojalyk ekinleriniň tohumlaryny taýýarlaýan «Jiu Zhonghe Seed Industry Co., Ltd» kompaniýasynyň alyp barýan işleri bilen tanyşyldy. Mundan başga-da, wekiliýet «Xinjiang Guoxin Seed Industry Co., Ltd» kompaniýasynyň meýdanlarynda ekilen gowaça sortlary hem-de «Xinjiang Jinghua Seed Industry Co., Ltd» kompaniýasynyň alyp barýan seleksiýa we tohumçylyk işleri bilen tanyşdy.
Iş saparynyň dowamynda Urumçy şäherinde oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän «Týançen» kompaniýasyna baryp görüldi. Bu ýerde kompaniýanyň öndürýän dört, alty we sekiz hatarly döwrebap gowaça ekijileri hem-de beýleki birnäçe oba hojalyk gurallary bilen tanyşyldy. Ýançžou şäherinde bolsa oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri, ýagny ösümlikleri goraýyş serişdelerini öndürýän korporasiýa baryp görüldi we onuň wekilleri bilen deslapky gepleşikler geçirildi.
Iş saparynyň netijesinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň arasynda oba hojalygy babatynda ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu ugurda tejribe alyşmak boýunça degişli işler geçirildi.
Aksu we Korla etrapçalarynda ýerleşýän dört kompaniýa bilen gowaçanyň ýokary hasyl berýän «Xinluzao-78», «Xinluzhong-87», «Jinken-1402», «Xinluzao-64» hem-de «Jinken-1565» («Zolotaýa Selina») sortlarynyň tohumlaryny satyn almak boýunça deslapky gepleşikler geçirildi. Bu sortlar 2026-njy ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda ekilip, ýerli toprak-howa şertlerinde synagdan geçirildi we ýokary netije görkezdi.
Geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň ýurdumyzda gowaçanyň seleksiýasyny we tohumçylygyny ösdürmäge, oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga hem-de iki ýurduň alymlarynyň we hünärmenleriniň arasyndaky ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.