Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk ýyllarynda alym zenanlaryň ýeten sepgitleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

2025-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen  “Alym zenanlar“ merkezi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Zenanlar guramasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Garaşsyzlyk ýyllarynda alym zenanlaryň ýeten sepgitleri»  atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we ylmy-barlag institutlaryň zenanlar guramasynyň işjeň agzalary, ýaş alymlary, aspiratlary we Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň hünärmenleri, şeýle-de Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň ýanynda döredilen “Alym zenanlar“ merkeziniň işjeň agzalary  gatnaşdylar. 

Maslahatyň dowamynda alym zenanlar “Garaşsyzlyk ýyllarynda alym zenanlarymyzyň ylymdaky orny”, “Garaşsyzlyk döwründe zenanlaryň jemgyýetdäki orny”, “Ýurdumyzda innowasiýa tehnologiýalaryň ösüşi”, “Garaşsyzlyk ýyllarynda dörän täze sözler we olaryň edebi dilimizde ulanylyşy”, ”Ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmakda ýetilen sepgitler”, “Garaşsyzlyk bilen galkynan diýar” atly nutuklar bilen çykyş etdiler. 

Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan, Türkmen alymlaryna, zenanlaryna okmaga, işlemäge, döretmäge giň mümkkinçilikleri döredýän, milli ylym ulgamymyzy ählitaraplaýyn ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän, türkmen zenanlaryna aýratyn sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.