Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar" atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 2025-nji ýylyň 12–13-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Aşgabat şäherinde gibrid görnüşinde geçirilýän "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar" atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga çagyrýar.

 

Ylmy maslahatyň iş dilleri: türkmen, iňlis we rus.

Ylmy maslahatyň tematiki ugurlary:

1. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika;

2. Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika;

3. Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary;

4. Häzirki zaman lukmançylygy we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary;

5. Innowasion ykdysadyýet;

6. Ynsanperwer ylymlar.

Ylmy maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler zerur maglumatlary tabşyrmak üçin maslahata gatnaşmagyň şertlerini we nutuklaryň gyçgaça beýanlarynyň we annotasiýalaryň taýýarlanylyşyna bildirilýän talaplary berjaý etmelidirler.

Ylmy maslahatyň HABARNAMASY

Maslahata gatnaşmak üçin bildirilýän ŞERTLER

Ylmy makala we annotasiýa degişli TALAPLAR

Gysgaça beýan we annotasiýanyň MYSALY

Ylmy maslahata gatnaşmak üçin degişli resminamalar, nutuklaryň gyçgaça beýanlary we annotasiýalary 2025-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär.

Düzgünlere laýyk gelmeýän we bellenilen möhletden soň tabşyrylan işlere garalmaýar we olar çap edilmeýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 15.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 12 94-13-37.

Halkara ylmy maslahatyň Guramaçylyk topary