“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ylym syýasaty dabaralanýar” atly hoşallyk maslahaty
Hormatly Prezidentimiziň 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda gol çeken PB-1559 belgili Buýrugyna laýyklykda, 2026-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, şeýle-de kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklandy.
Şol mynasybetli 2026-njy ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uly mejlisler jaýynda “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ylym syýasaty dabaralanýar” atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, ylmy işgärleri we aspirantlary, doktorantlary şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize we ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, akademiki ylmyň maddy-tehniki we işgärler binýadyny pugtalandyrmak, ýaş alymlaryň mynasyp neslini kemala getirmek ugrunda edýän ýadawsyz tagallalary üçin çäksiz alkyş aýtdylar.