2025-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen “Alym zenanlar“ merkezi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Zenanlar guramasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Alym zenanlaryň türkmen ylmyny ösdürmekdäki hyzmaty” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we ylmy-barlag institutlaryň zenanlar guramasynyň işjeň agzalary, ýaş alymlary, aspiratlary we Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň hünärmenleri, şeýle-de Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň ýanynda döredilen “Alym zenanlar“ merkeziniň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda alym zenanlar “Türkmen alym zenanlarynyň ylymdaky orny”, “Türkmen halkynyň medeni mirasyny öwrenen alymlar”, “Taryh ylmynda alym zenanlarymyzyň goşandy”, “Türkmen edebiýatynda zenan mertebesi”, “Himiýa ylmynyň ösüşinde zenanlaryň orny” atly nutuklar bilen çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar türkmen zenanlaryna aýratyn sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.