Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021—2025nji ýyllarüçin Döwlet maksatnamasynyň» çäginde ýurdumyzyň himiýa, gurluşyk, senagat, nebitgaz, oba hojalyk we dokma pudaklarynyň ylmy taýdan kämilleşdirilmegi babatynda uly işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda Himiýa institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018—2024nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, ýerli çig mallaryň esasynda täze önümçilikleri döretmek, hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak boýunça ylmy-barlag we seljerme işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek boýunça öňde goýan wezipelerine jogap edip, biziň alymlarymyz ýerli çig mallaryň halk hojalygynyň uglewodorodly galyndylarynyň esasynda täze we galyndysyz tehnologiýalary işläp düzmekde ylmybarlag Işlerini geçirýärler. Şeýlede institutyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan ýerli şertleriň talaplaryna laýyklykda, polimer we plastik galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly nefras almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi.
Nefras halk hojalygynyň dürli pudaklarynda we durmuşda organiki erediji (rastworitel) hökmünde, ýagny detallary ýuwmakda, konserwasiýa örtükleri aýyrmakda hemde hapalardan arassalamakda ulanylýan senagat tehniki maksatly önümdir. Bu önüm, köplenç, goşundy hökmünde hem ulanylýar.
Nefras nebitbi bitumyny, polimer galyndylaryny, piroliz ýagyny (pirosmola) aşgarly galyndylardan, galyndy rezin önümleriniň owuntygyny wakuumly piroliz pejinde ýokary temperaturada gaýnatmak arkaly kondensirlenip alynýar. Nefras düzüminde daşky gurşawyň ekologiýasyna zyýanly täsir ýetirýän hiç hili önümler bolman, emele gelýän galyndylar hem senagatda, gurluşykda we halk hojalygynyň pudaklarynda dürli maksatlar üçin ulanmaga ýaramlydyr.
Bu täze himiki serişde Himiýa institutymyzyň alymlarynyň hemde «Nazarly gelejek» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda önümçilige ornaşdyryldy we onuň tehnologiki reglamenti işlenip düzüldi. Şeýlede polipropilenden we polietilenterftalat (PET) polimer galyndylaryndan emeli himiki-süýümleri, ýagny sintepon we geotekstil almak boýunça geçirilen ylmybarlag işleri özüniň oňyn netijelerini berdi. Hünärmenler tarapyndan bu önümçlikleriň tehnologiýasy we onuň tehnologiki reglamentleri işlenip düzüldi. Şeýlelikde, olar «Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýetinde önümçilige ornaşdyryldy.
Sintepon egin eşikleriň ýyladyjy içliklerini taýýarlamak we ýassyklaryň, ýorganlaryň, düşekçeleriň içini doldurmak ýaly dürli tehniki maksatlar üçin ulanylýar. Geotekstil bolsa ýokary tizlikli awtomobil ýollaryň, gaz we nebit geçirijileriň, aerodromlaryň, demir ýollaryň gum düşeklerinde hemde dürli maksatly gurluşyk meýdançalarynda giňden peýdalanylýar. Täze alnan nefras, sintepon we geotekstil önümleri işläp taýýarlanylanda diňe ýerli çig mallar ulanylýar. Olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup bilýär.
Şu ýyl Himiýa instituty Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan 2 sany «Mineral goşundyly sement» hemde «Gaz arassalaýjy desgalary arassalamakda ulanylýan ýuwujy kompozisiýanyň düzümi» atly oýlap tapyşlara çäklendirilen patentler hem alyndy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda Himiýa instituty tarapyndan işlenip düzülen ýerli çig mallardan kalsiý nitratynyň tetragidratyny we 68%li erginini hemde demir (III) hloridiniň (koagulýant) erginini almagyň tehnologiýalary esasynda, olaryň önümçiliklerini ýola goýmak maksat edinilýär. Ylmy işiň netijesi boýunça ýerli çig mallardan, kalsiti (hek daşyndan, mermer galyndylaryndan) we «Maryazot» önümçilik birleşiginde öndürilýän azot kislotasy bilen täsirleşdirip, kalsiý nitratynyň tetragidratyny hemde onuň 68%li erginini almaklygyň tehnologiýasy işlenip düzüldi. Oba hojalyk meýdanlarynda we ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän ösümlikleri ösüşine, hasyllylygyna oňaýly täsirini ýetirjek, Gyýanly polimer zawodynyň önümçiliginde ulanylýan hem de içerki wedaşarky bazarlarda ýerlemek üçin ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň tehnologiýasy ylmy taýdan esaslandyryldy.
Ýerli çig mallardan, magniý hloridiniň (bişofit) esasynda alynýan duz kislotasynyň we gara demir galyndylaryndan (gyryndy görnüşde) demir (III) hloridiniň erginini almagyň häzirki zaman tehnologiýalaryny işläp düzmek boýunça ylmybarlag işleriň netijesinde, 40%li koagulýant alyndy. Koagulýantyň önümçilikdäki işjeňlik ukyby «Garabogaz karbamid» zawodynda doly synagdan geçirildi we oňyn netijeler gazanyldy. Alnan netijeleriň esasynda ony önümçilige ornaşdyrmak teklip edildi. Deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgalarda, deňze golaý beýleki zawodlaryň önümçiliginde peýdalanmaga niýetlenen demriň (III) hloridiniň aýratynlygy, deňiz suwuny durlamakda alýumininiň şeýlede demriň sulfatlaryndan has peýdaly hem netijeli bolup durýar. Bu önümçilikleri ylmy esasda ýola goýmak boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň, «Türkmen himiýa» döwlet konserniniň hünärmenleri bilelikde degişli işleri alyp barýarlar.
Kalsiý nitratynyň tetragidraty we onuň 68%li ergini, demir (III) hloridiniň (koagulýant) ergini häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýär. Barlaghana şertlerinde alnan täze önümleriň önümçilikleri ýola goýulsa, ykdysady taýdan has bähbitli bolup, olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutar.
Önümçiligi ýola goýulmagy meýilleşdirilýän ylmy işlere Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyna patent almak boýunça haýyşnamalar iberildi hemde ondan degişli çözgütler gelip gowuşdy.
Häzirki wagtda ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça ýerli mümkinçiliklerden doly peýdalanyp, ýurdumyzyň eksport kuwwatlylygyny artdyrmakda döwre laýyk işler ýokary derejede ýola goýulýar. Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny döwrebap ösdürmekde ylmy işgärler üçin ähli şertleri döredip berýän alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ilýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Oraz ÇARYÝEW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary.