Döwlet

Türkmenistanyň döwlet we milli baýramçylyklary

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Döwlet
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
  

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Türkmenistanyň kanuny «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» (täze görnüşi)

Milletiň agzybirliginiň we garaşsyzlygynyň hem-de bitaraplygynyň nyşany - Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy barada Türkmenistanyň Kanuny.

Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Döwlet Gerbi we onuň aňladýan manysy barada.

Türkmenistanyň Döwlet senasy

Döwlet sylaglary

Türkmenistanda şu aşakdaky döwlet sylaglary bellenildi

Milli pul (walýuta)

«Türkmenistanyň pul birligi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanda milli pul bolup manat durýar, bir manat 100 teňňä deňdir. Manat resmi pul hökmünde 1993-nji ýylyň noýabryndan başlap, Türkmenistanyň çäginde dolanyşyga goýberildi.

Türkmenistanyň döwlet we milli baýramçylyklary

Şu ählihalk baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär:

1) Täze ýyl — 1-nji ýanwar;

2) Halkara zenanlar güni — 8-nji mart;

3) Milli bahar baýramy — 21-22-nji mart;

4) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni — 18-nji maý;

5) Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni — 27-nji sentýabr;

6) Hatyra güni — 6-njy oktýabr;

7) Halkara Bitaraplyk güni — 12-nji dekabr;

8) Gurban baýramy — Gurban baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär;

9) Oraza baýramy — Oraza baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär.

Türkmenistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýän dynç alyş günleri berilmezden (eger olar iş günlerine gabat gelse) baýramçylyk we hatyra günleri hem bellenilýär:

1). Watan goragçylarynyň güni — 27-nji ýanwar;

2). Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni — 18-nji fewral;

3). Ulag we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni — 7-nji mart;

4). Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni — 31-nji mart;

5). Bütindünýä saglyk güni — 7-nji aprel;

6). Türkmenistanyň Migrasiýa edaralarynyň işgärleriniň güni — 17-nji aprel;

7). Türkmen bedewiniň baýramy — aprel aýynyň soňky ýekşenbesi;

8). 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni — 9-njy maý;

9). Aşgabat şäheriniň güni — 25-nji maý;

10). Türkmenistanyň Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni — 29-njy maý;

11). Türkmen halysynyň baýramy — maý aýynyň soňky ýekşenbesi;

12). Çagalary goramagyň halkara güni — 1-nji iýun;

13). Bütindünýä welosiped güni — 3-nji iýun;

14). Dokma senagatynyň işgärleriniň güni — iýun aýynyň birinji ýekşenbesi;

15). Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni — 5-nji iýun;

16). Ylymlar güni — 12-nji iýun;

17). Türkmenistanyň Adalat edaralarynyň işgärleriniň güni — 18-nji iýun;

18). Türkmenistanyň Prokuratura edaralarynyň işgärleriniň güni — 26-njy iýun;

19). Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni — 27-nji iýun;

20). Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň işgärleriniň güni — 5-nji iýul;

21). Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni — 21-nji iýul;

22). Serhetçiler güni — 11-nji awgust;

23). Bilimler we talyp ýaşlar güni — 1-nji sentýabr;

24). Energetika senagatynyň işgärleriniň güni — sentýabr aýynyň ikinji şenbesi;

25). Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň güni — 30-njy sentýabr;

26). Ýaşulularyň halkara güni — 1-nji oktýabr;

27). Türkmenistanyň Harby-deňiz Güýçleriniň güni — 9-njy oktýabr;

28). Türkmenistanyň Gümrük edaralarynyň işgärleriniň güni — 4-nji noýabr;

29). Hasyl toýy — noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi;

30). Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni — 14-nji dekabr;

31). Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowy Ýatlama güni — 21-nji dekabr.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy