Döwlet

Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Döwlet
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
  

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Türkmenistanyň kanuny «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» (täze görnüşi)

Milletiň agzybirliginiň we garaşsyzlygynyň hem-de bitaraplygynyň nyşany - Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy barada Türkmenistanyň Kanuny.

Türkmenistanyň Döwlet senasy

Döwlet sylaglary

Türkmenistanda şu aşakdaky döwlet sylaglary bellenildi

Türkmenistanyň döwlet we milli baýramçylyklary

Milli pul (walýuta)

«Türkmenistanyň pul birligi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanda milli pul bolup manat durýar, bir manat 100 teňňä deňdir. Manat resmi pul hökmünde 1993-nji ýylyň noýabryndan başlap, Türkmenistanyň çäginde dolanyşyga goýberildi.

Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Döwlet gerbiniň şekili, reňkleri we möçberleri «Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky» 1992-ýylyň Baýdak aýynyň 19-daky Türkmenistanyň № 654—XII Kanunynyň 2-nji maddasynyň we Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky düzgünnamanyň talaplaryna laýyk bolmaly.

Gerb umumy merkezi bolan, biri-biriniň içinde ýerleşdirilen mawy reňkli kiçi (diametri d), gyzyl reňkli ortaky (diametri 2d) we ýaşyl reňkli uly (diametri 3,2d) üç tegelek bilen emele getirilýär.

Tegelekleriň arasynda 0,02d barabar birmeňzeş ini bolan sary-altynsow zolar bar. Gerbi jähekleýän sary-altynsow zolagyň ini tegelekleriň arasyndaky zolaklaryň ininip iki essesine (0,04d) barabardyr.

Gerbiň merkezinde kiçi tegelegiň içinde garaşsyz bitarap Türkmenistanyň birinji we ömürlik Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ýanardag ahalteke aty nusgalyk etalona laýyklykda şekillendirilendir. 1991-ýylda doglan Ýanardag bedewi Garaşsyz Türkmenistanyň ýaşytdaşydyr, ol ahalteke bedewleriniň gadymy nusgasyny özünde jemläp, Ýanardag-Altyndag adyna kybapdaş altyn öwsüp, görmegeý keşbine gelşip duran, ýeňil gopýan hereketleri bilen altyn asyryň altyn bedewidir.

Ortaky tegelegiň daşyndaky halkalaýyn zolakda bäş sany milli göl nusgalyk etalonlara laýyklykda şekillendirilip, olaryň merkezleri sary-altynsow zolagyň gyralaryndan deň uzaklykda bolan merkezli tegelekde biri-birinden deň uzaklykda ýerleşendir.

Haly gölleri olaryň daşky erňekleri tegelekleri çäklendiriji zolaklardan 0,04d uzaklykda bolar ýaly, sagadyň diliniň ugruna laýyklykda ýokardan aşak ahalteke, salyr, ärsary, çowdur, ýomut göli tertipde ýerleşýär.

Uly tegelegiň halkalaýyn zolagynda dik oka garanyňda simmetrik ýagdaýda:

  • aşaky böleginde — sary-altynsow gaýma bilen jäheklenen ak pagtanyň gök ýaprakly bäş hanaly açylan gozalarynyň ýedisi;
  • ortaky böleginde — sary-altynsow reňkli iki bugdaý sünbüli;
  • ýokary böleginde —  ak reňkli bäş sany bäşburç ýyldyz bilen ýarymaý şekillendirilendir.

Gozanyň iki tarapyndan-da sary-altynsow gaýma bilen jäheklenen, 0,2d diametri tegelege ýerleşdirilen, pagtanyň gök ýaprakly bäş hanaly açylan gozasynyň esasy şekili Gerbiň dik okunda ýerleşdirilendir we nusgalyk etalona laýyk bolmaly.

Esasy şekili ýaly ýaprakly gowzça gozalary tegelekleriň arasydaky sary-altynsow zolaklardan deň uzaklykda töwerek okunda biri-birinden deň uzaklykda ýerleşdirilendir (goňşy gozalaryň merkezleriniň arasyndaky aralyk 0,4d barabardyr).

Gowaça gozalarynyň dik oklary Gerbiň merkezinden başlanan şöhlelerdir, gozalaryň özi bolsa, her bir soňraky goza öň ýanyndaka garanyňda agdarylan görnüşde şekillendirilip ýerleşdirilendir.

Gerbde bugdaý sünbülleri nusgalyk etalona laýyklykda şekillendirilendir. Sünbülleriň gapdal gyralary biri-birine galtaşmaýar, çäklendiriji sary-altynsow zolaklaryň gyrasyndan 0,14d uzaklykda ýerleşýär, olaryň aşaky bölegi bolsa, ýokarky gowaça gozalarynyň ýapraklaryna degýär.

Sünbüllerde jübüt ýerleşen 28 bugdaý dänesi bar. sünbülleriň ýokarky gyrasynda biri-birinden deň aralykda ýerleşen, ýarymaýa we ýyldyzlara tarap gönükdirilen bäş baldak çykýar. Sünbülleriň ýokarky uçlary Gerbiň dik okunyň kiçi tegelegiň ýokarky bölegi bilen kesişýän nokadyndan 78 gradus ýapgytlykda başlanýan çyzyklar bilen çäklendirilýär.

Ak reňkli ýarymaý we bäş sany bäşburç ýyldyz Gerbiň ýokarky böleginde onuň dik okunda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň Nowruz aýynyň 3-ünde çykaran № 4600 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň TDS 562—2000 «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy» döwlet standartyna laýyklykda şekillendirilendir.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy