Döwlet

Türkmenistanyň kanuny «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» (täze görnüşi)

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Döwlet
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
  

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Döwlet Gerbi we onuň aňladýan manysy barada.

Türkmenistanyň Döwlet senasy

Döwlet sylaglary

Türkmenistanda şu aşakdaky döwlet sylaglary bellenildi

Türkmenistanyň döwlet we milli baýramçylyklary

Milli pul (walýuta)

«Türkmenistanyň pul birligi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanda milli pul bolup manat durýar, bir manat 100 teňňä deňdir. Manat resmi pul hökmünde 1993-nji ýylyň noýabryndan başlap, Türkmenistanyň çäginde dolanyşyga goýberildi.

Türkmenistanyň kanuny «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» (täze görnüşi)

1 madda. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletiň agzybirligininiň we Garaşsyzlygynyň hem-de Bitaraplygynyň nyşanydyr.

2 madda.Türkmenistanyň Döwlet baýdagy gönüburçly matadyr. Baýdagyň uzynlygy onuň ininden birýarym esse uludyr.

Baýdak ýaşyl reňklidir. Gyzyl-gyrmyzy zolakda ýokardan aşak bäş sany esasy haly gölleri bolan ahal-teke, ýomut, salyr, çowdur, ärsary gölleri ýerleşdirilendir, olar türkmen halkynyň dostlugynyň we jebisliginiň nyşanlarydyr. Olaryň her biriniň daşyna hem haly nagşy aýlanan, onuň daşky gyrasy zolagyň gyralary bilen utgaşdyrylan. Gyzyl-gyzrmyzy zolagyň aşaky böleginde başlaýan ýerinde bir-birini kesip geçýän we ýokaryk dürli taraplara gönükdirilen iki sany zeýtun pudagy şekillendirilendir. Olaryň her biri aşakysyndan we ýokarkysyndan başgasy jübüt ýerleşen, uçlarynda kiçelýän ýapraklaryň onusyndan ybaratdyr.

Baýdagyň uly ýaşyl böleginde çep ýokarky burçda ak reňli ýarymaý we bäş sany bäşburçly ýyldyz şekillendirilendir.

3 madda.Türkmenistanyň Döwlet baýdagy aşakdaky ýerlerde gerilýär:

  • Prezidentiň köşgüniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, gaýry döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriş we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň jaýlarynda — hemişelik;
  • Türkmenistanyň Halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň maslahaatlaarynyň geçirilýän ýerlerinde — maslahatlaryň geçirilýän bütin döwründe;
  • kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň jaýlarynda, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynda — hemişelik;
  • Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik, konsullyk we gaýry wekilhanalarynyň jaýlarynda — hemişelik;
  • ulag serişdelerinde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň diplomatik we gaýry resmi wekilleri bolan mahalynda.
  • Türkmenistanyň kanunçylygynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny ulanmagyň beýleki ýagdaýlary we halatlary göz öňünde tutulyp bilner.

4 madda.Ýatlama günlerinde: 12 — ýanwarda we 6 — oktýabrda matam tutmak hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy aşak egilýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň yglan eden çözgüdi boýunça beýleki halatlarda matam tutmak hökmünde aşak eglip bilner.

5 madda.Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, onuň reňki, şekili, ölçegi we materialy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakyndaky Düzgünnama arkaly bellenilen ölçege, reňke, materiala we şekile laýyk gelmelidir.

6 madda.Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylan we düşürilen mahaly, şeýle hem dabaraly ýörüş bilen geçilen mahaly baýdaga hormat goýmak, nyzamy «göneliň» ýagdaýynda amala aşyrylýar.

7 madda.Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň dilden we ýazmaça görnüşde, hereket (özüni alyp barmak) arkaly hem-de islendik baýleki görnüşde hormatyny gaçyrmaga, şeýle hem oňa hormat goýmazlyga ýol berilmeýär.

8 madda.Şu Kanunyň talaplaryny bozan adamlar Türkmenistanyň ulanylýan kanunlaryna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy