Döwlet

Döwlet sylaglary

Baş sahypaYlymlar akademiýasy
Döwlet
Baş sahypa  Bize hat ýaz  Atgarma
  

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



Türkmenistanyň kanuny «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» (täze görnüşi)

Milletiň agzybirliginiň we garaşsyzlygynyň hem-de bitaraplygynyň nyşany - Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy barada Türkmenistanyň Kanuny.

Türkmenistanyň Döwlet Gerbi

Türkmenistanyň Döwlet Gerbi we onuň aňladýan manysy barada.

Türkmenistanyň Döwlet senasy

Türkmenistanyň döwlet we milli baýramçylyklary

Milli pul (walýuta)

«Türkmenistanyň pul birligi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanda milli pul bolup manat durýar, bir manat 100 teňňä deňdir. Manat resmi pul hökmünde 1993-nji ýylyň noýabryndan başlap, Türkmenistanyň çäginde dolanyşyga goýberildi.

Döwlet sylaglary

Türkmenistanda şu aşakdaky döwlet sylaglary bellenildi:

Türkmenistanyň Gahrymany diýen at iň ýokary tapawutlandyryş derejesidir, ol diňe döwletiň wejemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar.

Türkmenistanyň Gahrymanyna aýratyn tapawutlandyryş nyşany–altyn medal “Altyn aý” we şahadatnama gowşurylýar.

Türkmenistanyň Gahrymany diýen at Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny we döwlet gurluşyny pugtalandyrmak işine uly şahsy goşant goşan raýatlara aýratyn halatlarda gaýtadan dakylyp bilner.

Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada gaýtadan mynasyp bolan Türkmenistanyň Gahrymanyna “Altyn aý” altyn medaly gowşurylýar we onuň aýratyn hyzmatlaryny aňlatmak üçin Gahrymanyň bürünç heýkeli gurulýar.

Türkmenistanyň “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeni

Türkmenistanyň “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeni bilen Watany goramakda, halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy pugtalandyrmakda, halk hojalygyny ösdürmekde we döwletiň hem–de jemgyýetiň öňünde beýleki görnükli hyzmatlar görkezen adamlar sylaglanýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Bitaraplyk” ordeni

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Bitaraplyk” ordeni bilen Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň tassyklanmagyna we ykrar edilmegine, ýurduň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine, önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň we tehnikanyň ösdürilmegine, ýurduň goranmak ukybynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşandygy üçin, medeniýetde, edebiýatda, sungatda, saglygy goraýyşda, döwlet we jemgyýetçilik işinde, kanunçylylygyň we hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagynda, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda we terbiýelemekde, Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň we halkara guramalaryň arasynda ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin Türkmenistanyň raýatlary we daşary ýurt döwletleriniň raýatlary sylaglanýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni bilen ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ylmy we tehnikany ösdürmäge, ýurduň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga uly goşant goşandygy üçin, medeniýetde, edebiýatda, sungatda, saglygy goraýyşda, döwlet we jemgyýetçilik işinde, kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmakda, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda we terbiýelemekde, Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň we halkara guramalaryň arasynda ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin Türkmenistanyň raýatlary sylaglanýar.

“Galkynyş” ordeni

“Galkynyş” ordeni döwletiň we jemgyýetiň öňünde önümçilik, ylym, medeniýet, edebiýat, sungat, bilim, saglygy goraýyş we zähmet işiniň beýleki ulgamlarynda bitiren uly hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlaryny sylaglamak üçin döredildi.

Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordeni

Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordeni döwlet sylagy bolmak bilen, ol Watanyň şöhratly garaşsyzlygynyň 10 ýyllygynyň içinde türkmenleriň Altyn asyrynda durmuşyň dürli babatlarynda zähmetde we hünärmentçilikde gazanan aýratyn üstünlikleriniň tapawutlandyryş nyşany bolup hyzmat edýär. “Garaşsyzlyk” ordeni bilen Türkmenistanyň raýatlary sylaglanýar. Türkmenistanyň Prezidenti “Garaşsyzlyk” ordeni bilen beýleki döwletleriň raýatlaryny hem sylaglap bilýar. Orden bilen sylaglamak ýylda bir gezek amala aşyrylýar we Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanýar.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” ordeni

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” ordeni bilen Watany goramakda görkezilen aýratyn batyrlyk, gaýduwsyzlyk we mertlik üçin ýurduň goranmak ukybyny pugtalandyrmakda saldamly hyzmatlary bitiren harby esgerler, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk komitetiniň işgärleri we Türkmenistanyň beýleki raýatlary, harby bölümler, gämiler, birikmeler sylaglanýar.

Türkmenistanyň “Altyn asyr” ordeni

Türkmenistanyň “Altyn asyr” ordeni Türkmenistanyň döwlet sylagy XXI asyrda türkmen halkynyň Altyn asyrynda zähmet we hünärment işinde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin tapawutlandyryş nyşany bolup durýar. Orden üç derejä eýedir:

  1. “Altyn asyr” ordeniniň I derejesi;
  2. “Altyn asyr” ordeniniň II derejesi;
  3. “Altyn asyr” ordeniniň III derejesi.

Ordeniň iň ýokary derejesi bolup I derejesi durýar. “Altyn asyr” ordeni bilen sylaglamak yzygiderlikde geçirilýär: III derejesi, II derejesi, I derejesi. Şunda orderiň has ýokary derejesi bilen sylaglamak ordeniň geçen derejesi bilen sylaglanandan soň bäş ýyl geçenden soň geçirilýär. “Altyn asyr” ordeni bilen Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar. Türkmemstanyň Prezidenti tarapyndan “Altyn asyr” ordeni bilen beýleki döwletleriň raýatlary hem sylaglanyp bilner.

“Gurbansoltan eje” ordeni

“Gurbansoltan eje” ordeni bilen jemgyýetçilik syýasy we zähmet işinde türkmen halkynyň ahlak we ruhy däp–dessurlaryny pugtalandyrmak, ösdürmek we artdyrmak, ýaş ösüp gelýän nesli öz Watanyna söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek işinde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýaty bolup durýan aýal–gyzlar sylaglanylýar.

“Edermenlik” medaly

“Edermenlik” medaly bilen raýat we gulluk borjuna ýerine ýetiren mahalynda görkezen edermenligi üçin Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

“Gaýrat” medaly

“Gaýrat” medaly bilen halk hojalygyny, ylmy, medeniýeti ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlary sylaglanýar.

“Watana bolan söýgüsi üçin” ýubileý medaly

“Watana bolan söýgüsi üçin” ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny pugtalandyrmak boýunça döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygyna” ýubileý medaly şöhratly on ýylyň dowamynda päk göwünli zähmeti bilen Watanyň we jemgyýetiň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny sylaglamak üçin döredildi. Bu medal bilen Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygyna” medal bilen daşary ýurt raýatlary hem sylaglanylyp bilner.

Hormatly atlar. “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny bilen şu aşakdaky hormatly atlar döredildi:

  • “Türkmenistanyň halk mugallymy”;
  • “Türkmenistanyň halk wraçy”;
  • “Türkmenistanyň halk artisti”;
  • “Türkmenistanyň halk hudo nigi”;
  • “Türkmenistanyň halk ýazyjysy”;
  • “Türkmenistanyň halk bagşysy”;
  • “Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan transport işgäri”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan aragatnaşyk işgäri”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan ýer gurluşykçysy”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri”;
  • “Türkmemstanyň at gazanan medeniýet işgäri”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan artisti”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan bagşysy”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri”;
  • “Türkmenistanyň ilata durmuş hyzmaty ulgamynyň at gazanan işgäri”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan ýuristi”;
  • “Türkmenistanyň at gazanan ykdysatçysy”;

Türkmenistanyň hormatly atlary önümçiligi, ylmy, saglygy saklaýşy, bilimi, medeniýeti, sungaty ösdürmekde aýratyn hyzmatlary üçin we zähmet işiniň beýleki ulgamlarynda bitiren hyzmatlary üçin, hünärmentçilik işinde ýokary ussatlygy we ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşandygy üçin berilýär.

“Hormatly il ýaşulusy” diýen at Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň abraýynyartdyrmaga, milli däp–dessurlaryösdürmäge, halkyň agzybirligini wejebisligini pugtalandyrmaga, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşan paýhaslylygyň, halallygyň we şypagatlylygyň nusgasy bolup durýan ýaşuly adamlara dakmak maksatlary bilen döredildi.

“Türkmenistanyň hormatly raýaty” diýen at daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary dikeltmäge we ösdürmäge olaryň aýratyn goşandynyň, olaryň Türkmenistanyň dünýä äleminde abraýyny pugtalandyrmaga hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde dakylýar.

“Türkmenistanyň hormatly raýaty” diýen at dakylan adamlara şahadatnama we ýadygärlik lentasy gowşurylýar, olaryň atlary bolsa “Türkmenistanyň hormatly raýatlaryň” kitabyna girizilýär.

“Altyn asyryň hormatly hünär ussady” ady Türkmenistanyň döwlet sylagy zähmet we hünärrnentçilik işiniň tapawutlandyryş derejesi bolup durýar. “Altyn asyryň hormatly hünär ussady” diýen at Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllary içinde bir kärhanada, edarada, guramada ýa–da bir pudakda ýa–da iş ulgamynda azyndan 10 ýyl işlän we Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny we garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, döwletiň goranmak ukybyny we howpsuzlygyny berkitmäge, dünýä syýasy äleminde ýurduň abraýynyýokarlandyrmaga, Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň öňde goýan esasy maksatlaryny we wezipelerini ykdysady, ylmy, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sungat we zähmet işiniň beýleki pudaklarynda durmuşa geçirmek işinde belli şahsy goşant goşan we şunda ýokary ussatlyk we hünärmenlik görkezen adamlara dakylýar. “Altyn asyryň hormatly hünär ussady” ady Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar. “Altyn asyryň hormatly hünär ussady” ada eýe bolan adamlara şahadatnama we “Saparmyrat Türkmenbaşynyň hormat nyşany” döşe dakylýan nyşan berilýär.

Ýokarda sanalyp geçilen döwlet sylaglaryndan başga Türkmenistanda iki sany halkara baýragy–Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragywe Türkmenistanyň Muhammet al–Horezmi adyndaky ylym we tehnika babatdaky halkara baýragy döredildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragy has zehinli ýokary çeperçilikli edebi eserleri we edebiýaty öwreniş zähmetleri, saz, kino, şekillendiriş, teatr sungatynyň eserlerini, telewizion we radio gepleşiklerini, oňat nusgaly we tygşytly binagärlik desgalaryny, konsert işini döredendikleri üçin, aýry–aýry raýatlara, döwletwejemgyýetçilikwekillerine Magtymgulynyň adamkärçilikli ündewlerini durmuşa geçirmekde aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem çagalar üçin aýratyn görnükli we has zehinli ýokary çeperçilikli eserleri döredenlere berilýär. Baýraga mynasyp bolan adamlara “Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi” diýen at dakylýar, diplom we döşe dakylýan nyşan gowşurylýar, bellenilen möçberde pul baýragy tölenilýär.


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy