Türkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde demirgazyk giňişligiň 35,08-nji we 42,48-nji, gündogar uzynlygynyň 52,27-nji we 66,41-nji graduslarynyň aralygynda, Köpetdagyň demirgazygynda, günbatarynda Hazar deňzi, gündogarynda Amyderýa aralygynda ýerleşýär. Türkmenistanyň çägi günbatardan gündogara 1110 kilometre we demirgazykdan günorta 650 kilometre uzalyp gidýär we 491,2 müň inedördül kilometr meýdany tutýar.
Döwletiň Paýtagty
Aşgabat–Türkmenistanyň paýtagty, ol ýurduň iri administratiw syýasy we medeni merkezidir (1882-1918-nji ýyllarda – Zakaspiý oblastynyň administratiw merkezi, 1918-1925-nji ýyllarda Türkmen oblastynyň merkezi, 1925-nji ýylyň fewralyndan başlap – Türkmenistan SSR-niň paýtagty, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagty).
Aşgabat garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde aýratyn hem gülläp ösdi. 1991-nji ýylda paýtagtyň ilatynyň sany 472 müňe barabar bolandan 2001-nji ýylda 726 müň adama ýeter, munuň özi ýurduň ilatynyň 13%-ne deňdir. Şäheriň çägi dört esse giňedi. Şäheriň kärhanalary ýurduň senagat önümleriniň 19% öndürýär. Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň tagallalary mynasybetli Aşgabatda binagärlik ymaratlarynyň onlarçasy guruldy, olaryň köpüsi örän ajaýypdyr. Bular Türkmenbaşy Köşgi, Ruhyýet Köşgi, Garaşsyzlygyň Ýadygärligi, Bitaraplyk Derwezesi, “Ýer titremesiniň” ýadygärlik toplumy we Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazowyň ýadygärligine bagyşlanan toplum, Milli müzeýiň, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky halkara aeroportunyň jaýlary, stadionlar, metjitler, ýokary klasly myhmanhanalar, edara jaýlary we biznes – merkezlerdir. Şäheriň köçeleri düýpli abadanlaşdyrylýar. Täze seýilgähler, baglar, suw çüwdürimleri döredildi we döredilýär.
Aşgabatda Prezident Köşgi, Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti), Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Merkezi döwlet dolandyryş guramalary, Türkmenistanyň Ýokary Sudy we Baş Prokuraturasy, jemgyýetçilik guramalarynyň hemişelik hereket edýän merkezi guramalary, şeýle hem dürli döwletleriň ilçihanalary, Türkmenistanda akkreditirlenilen halkara we sebit guramalaryň wekilhanalary ýerleşýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabat abraýly ylalaşdyryjy, parahatsöýüjilikli merkeze öwrüldi. Bu ýerde owgan meselesini, täjikara dawalaryny kadalaşdyrmak boýunça gepleşikleriň birnäçe tapgyry geçirildi. Aşgabat birnäçe gezek halkara we sebitara howpsuzlygynyň meseleleri boýunça, dürli syýasy, ykdysady we gumanitar meseleler boýunça iri halkara maslahatlarynyň geçýän ýerine öwrüldi.