![]() |
![]() | ![]() Türkmenistan |
|
||||||
| ![]() ![]() ![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
||||||||
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() Geografiki Ýerleşişi, Relýefi We KlimatyTürkmenistan Merkezi Aziýanyň günbatar böleginde demirgazyk giňişligiň 35,08-nji we 42,48-nji, gündogar uzynlygynyň 52,27-nji we 66,41-nji graduslarynyň aralygynda, Köpetdagyň demirgazygynda, günbatarynda Hazar deňzi, gündogarynda Amyderýa aralygynda ýerleşýär. Türkmenistanyň çägi günbatardan gündogara 1110 kilometre we demirgazykdan günorta 650 kilometre uzalyp gidýär we 491,2 müň inedördül kilometr meýdany tutýar. Döwletiň PaýtagtyAşgabatTürkmenistanyň paýtagty, ol ýurduň iri administratiw syýasy we medeni merkezidir (1882-1918-nji ýyllarda Zakaspiý oblastynyň administratiw merkezi, 1918-1925-nji ýyllarda Türkmen oblastynyň merkezi, 1925-nji ýylyň fewralyndan başlap Türkmenistan SSR-niň paýtagty, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan Garaşsyz Türkmenistanyň paýtagty). Umumy maglumatlarTürkmenistanda 27-nji sentýabr Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Häzirki wagtda Türkmenistan 148 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Türkmenistan demokratik, hukuk, dünýewi döwletdir. Döwlet dolandyryşy Prezident respublikasy görnüşinde alnyp barylýar. Türkmen döwletiniň syýasy gurluşy 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Kabul edilen (2016-njy ýylyň 14-njy sentýabrynda täze redaksiýasy) Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kemala getirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanuny bolmak bilen, Türkmenistanyň döwlet gurluşy deňagramlylygy saklap, özbaşdak hereket edýän kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünmek ýörelgelerine esaslanýar. Konstitusiýada berkidilen kadalar we namalar göni herekete eýe. Konstitusiýa garşy gelýän kanunlar we beýleki hukuk namalary ýuridiki güýje eýe däldir. Halk Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň öz ygtyýarlygyny ýörediji we ýeke-täk gözbaşy bolup durýar. Döwlet din we wyždan azatlygyny, olaryň kanun öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýry bolup, olar döwlet işine goşulyp, döwlet wezipelerini ýerine ýetirip bilmeýärler. Döwletiň bilim ulgamy dini guramalardan bölünendir we dünýewi häsiýete eýedir. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamy bolmak bilen, döwlet we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutany bolup durýar. Ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine Hökümetine baştutanlyk edýär. Türkmenistanyň Prezidenti döwlet garaşsyzlygynyň we bitaraplyk derejesiniň, ýurt bitewiliginiň, Konstitusiýanyň berjaý edilişiniň we halkara borçlarynyň ýerine ýetirilişiniň kepili hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bolup durýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, kanun çykaryjy häkimiýetini (Parlamenti) amala aşyrýar. Ol ýerli saýlaw etraplary boýunça 5 (bäş) ýyl möhlet bilen saýlanylan 125 deputatdan ybaratdyr. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan ählumumy, deň hem göni saýlaw hukugy esasynda gizlin ses bermek arkaly we alternatiw esasda amala aşyrylýar. Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere degişlidir. Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir. MEÝDANYTürkmenistan Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň biri bolup, onuň meýdany boýunça olaryň arasynda ikinji orny eýeleýär, ýagny Türkmenistanyň tutýan meýdany 491,21 müň km2 deňdir. Onuň günbatardan gündogara 1100 km. we demirgazykdan günorta 650 km. uzaýar. Türkmenistan demirgazykda Gazagystan Respublikasy, demirgazyk-gündogarda we gündogarda Özbegistan Respublikasy bilen, günorta-gündogarda Owganystan Yslam Respublikasy bilen, günortada Eýran Yslam Respublikasy bilen serhetleşýär. Şeýle hem günbatarda Hazar deňzi tebigy serhedi bolmak bilen Azerbaýjan Respublikasy bilen hem serhetleşýär. ILATYTürkmenistanyň ilaty 6,2 mln. adamdan gowrakdyr. Türkmenistan köp milletli döwletdir. Ýurtda 100-den gowrak milletleriň wekilleri ýaşaýar. DÖWLET DILITürkmen dilidöwlet dili bolup durýar. Türkmenistanyň ähli raýatlaryna ene dilini ulanmak hukugy kepillendirilýär. Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde üç dili türkmen, iňlis we rus dillerini öwrenmeklik üpjün edilen. Bulardan başga-da, ýörite orta mekdeplerinde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde fransuz, hytaý, nemes, ýapon we beýleki daşary ýurt dilleri öwredilýär. PUL BIRLIGIMilli pul birligi 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilen manat bolup durýar. Häzirki wagtda milli walýutanyň erkin konwertirlenýän walýuta bolan gatnaşygy: 3,50 manat = ABŞ-nyň 1 dollary. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» Kabul edildi we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, maliýe edaralary tarapyndan birnäçe ýyl bäri Türkmenistanda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda döwletimiziň ilatyna «Visa»: «Visa Eleńtron», «Visa Ńlassiń» ýaly kart görnüşleriniň hyzmatlary edilýär. Söwda ulgamynda nagt däl hasaplaşyklary ýola goýmak boýunça halkara töleg ulgamlary, hususan-da, «Master Ńard» boýunça töleg geçirmegi ornaşdyrmak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. ADMINISTRATIW-TERRITORIAL GURLUŞYTürkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri, ol welaýat hukukly administratiw-territorial gurluşly birlikdir. Aşgabadyň düzümine dört etrap Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag we Büzmeýin etraplary girýär. Türkmenistanda bäş sany welaýat Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarydyr. Her welaýat etraplara bölünýär. Türkmenistanda 43 etrap, 6 şäherlerdäki etraplar, 51 şäher, olardan 11-si etrap hukukly şäher, 62 şäherçe, 605 geňeşlik (oba ýerli düzümler) we 1719 sany oba ilatly ýerlerdir. TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET WE MILLI BAÝRAMÇYLYKLARYŞu ählihalk baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär: 1) Täze ýyl 1-nji ýanwar; Türkmenistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýän dynç alyş günleri berilmezden (eger olar iş günlerine gabat gelse) baýramçylyk we hatyra günleri hem bellenilýär: 1). Watan goragçylarynyň güni 27-nji ýanwar; |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |