Döwürleýin ylmy neşirýatlar

"Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy" elektron žurnaly

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Döwürleýin ylmy neşirýatlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
RSS 
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Peýdaly baglanyşyklar
Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




«Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly barada

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň saýtynda ýerleşdirilen «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly syn berilýän, sahypalarynda ýaş alymlaryň ylmy makalalary çap ediljek neşirdir.Žurnalyň esasy maksady ýurdumyzyň ýaşlaryny ylma çekmäge, olaryň ylym bilen gyzyklanmak höweslerini artdyrmaga, olarda öz ylmy barlaglaryna döredijilikli we erjel çemeleşmek ukyplaryny ösdürmäge, ylym ulgamynda professional derejelere ýetmeklerine goldaw bermäge gönükdirilendir.

Bu ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyň sahypalarynda hormatly Prezidentimiziň ylmy işlere has ukyply ýaşlary çekmek, ýurdumyzda alymlaryň ýaş neslini kemala getirmek baradaky taglymatlaryna laýyklykda aspirantlaryň, doktorantlaryň, dalaşgärleriň, ylmy işgärleriň, mugallymlaryň, talyplaryň we ýaş hünärmenleriň ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy barlaglarynyň netijeleri baradaky makalalary çap ediler. Ýaş alymlaryň öňe sürýän teklipleri we taslamalary, ylmy-amaly barlaglaryň wajyp ugurlary, ylmy-nazary maglumatlarbu Internet žurnalda öz beýanyny tapar.

Žurnalyň her ýylda dört sany Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň www.science.gov.tm atly resmi saýtynda okyjylar köpçüligine ýaýradylar.

Şu žurnalyň maglumatlaryndan peýdalanmak oňa salgylanmak arkaly mümkindir.

Žurnalyň redaksiýasynyň salgysy — Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan köçesi, jaý 15. Telefon belgisi: 94-30-55, 94-01-68, e-mail: yashalymlarjurnal@gmail.com


e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy