![]() |
![]() | ![]() TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Ylmy intellektual eýeçilik hakynda |
|
||||||
| ![]() ![]() ![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
||||||||
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda"Şu Kanun ylmy-tehnologiýa parklarynyň döredilmegi we hereket etmegi bilen baglanyşykly hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklary ny düzgünleşdirýär. TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Innowasiýa işi hakynda"Şu Kanun Türkmenistanda innowasiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda">Şu Kanun Türkmenistanda döwlet ylmy-tehniki syýasaty
döretmegiň maksatlaryny we ýörelgelerini hem-de onuň durmuşa geçirilmegini kesgitleýär, ylmy işiň subýektleriniň, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň we ylmy önümi sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Ylmy edaralar hakynda"Şu Kanun ylmy edaralaryň hukuk ýagdaýyny, maksatlaryny, wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, olaryň kysymlaryny we görnüşlerini, ylmy edaralaryň işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini kesgitleýär. TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda"Şu Kanun ylmy işgärleriň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini, olaryň hünär taýýarlygyna baha bermegiň ölçeglerini, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynyň ylmy işgäriň erkin ylmy döredijiliginiň kepilliklerini we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekdäki, ylmy işiň abraýyny ýokarlandyrmakdaky borçlaryny kesgitleýär. Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryTürkmenistanda ylmyň ösüşiniň esasy ileri tutulýan ugurlary getirilýär. 2009-04-18 TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Ylmy intellektual eýeçilik hakynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1992 ý.¸ № 9¸ 86- madda) (Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32IV kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen) Şu Kanun «Türkmenistanda eýeçilik hakyndaky» Türkmenistan Kanunyna laýyklykda, intellektual (akyl) eýeçiligiň bir görnuşi bolup durýan ylmy intellektual eýeçilik obýektlerini döretmek we peýdalanmak maksady bilen alnyp barylýan ylmy-tehniki işde ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Ylmy intellektual (akyl) eýeçilik munuň özi ylmy-barlag, proýektleýiş, gözleg tejribe-konstruktorçylyk we tejribe-tehnologik işleriň (mundan beýläk «ylmy işler» diýlip alynýar) netijelerine bolan eýeçilikdir. |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |