Kanunlar

Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Kanunlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
RSS 
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Peýdaly baglanyşyklar
Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw



TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda"

Şu Kanun ylmy-tehnologiýa parklarynyň döredilmegi we hereket etmegi bilen baglanyşykly hukuk, ykdysady we guramaçylyk gatnaşyklary ny düzgünleşdirýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Innowasiýa işi hakynda"

Şu Kanun Türkmenistanda innowasiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda"

>Şu Kanun Türkmenistanda döwlet ylmy-tehniki syýasaty döretmegiň maksatlaryny we ýörelgelerini hem-de onuň durmuşa geçirilmegini kesgitleýär, ylmy işiň subýektleriniň, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň we ylmy önümi sarp edijileriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Ylmy edaralar hakynda"

Şu Kanun ylmy edaralaryň hukuk ýagdaýyny, maksatlaryny, wezipelerini we ygtyýarlyklaryny, olaryň kysymlaryny we görnüşlerini, ylmy edaralaryň işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini kesgitleýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda"

Şu Kanun ylmy işgärleriň hukuklaryny, borçlaryny we jogapkärçiligini, olaryň hünär taýýarlygyna baha bermegiň ölçeglerini, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynyň ylmy işgäriň erkin ylmy döredijiliginiň kepilliklerini we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekdäki, ylmy işiň abraýyny ýokarlandyrmakdaky borçlaryny kesgitleýär.

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Ylmy intellektual eýeçilik hakynda

Şu Kanun «Türkmenistanda eýeçilik hakyndaky» Türkmenistan Kanunyna laýyklykda, intellektual (akyl) eýeçiligiň bir görnuşi bolup durýan ylmy intellektual eýeçilik obýektlerini döretmek we peýdalanmak maksady bilen alnyp barylýan ylmy-tehniki işde ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda
çykaran 14488-nji karary bilen tassyklandy

Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary

1. Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika boýunça:

  • organiki we organiki däl maddalaryň, minerallaryň, uglewodorod serişdeleriniň, suwlaryň, Garagum çägesiniň fiziki-himiki häsiýetlerini düýpli öwrenmek we olardan täze maddalary sintezlemegiň tehnologiýasy;
  • ýerli çig mal esasynda alnan täze maddalardan gurluşyk, senagat, energetika, dokma, durmuş maksatly materiallary döretmegiň tehnologiýasy;
  • täze polimer, kompozit, sintetik maddalary sintezlemegiň tehnologiýasy;
  • oba hojalygy üçin zerur bolan täze dökünleriň tehnologiýasy;
  • täze materiallary, nanomateriallary, nanogurluşlary döretmegiň tehnologiýasy we olary önümçilikde ulanmagyň ugurlary;
  • ähli amatlyklary bolan, ekologiýa taýdan arassa, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän gömlişleri ulanylýan, özbaşdak arzan ýaşaýyş jaýlary;
  • energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerini ulanýan ulgamlar, energiýa we material tygşytlaýjy tehnologiýalar, gün we ýel energetikasy.

2. Biotehnologiýa, molekilýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika boýunça:

  • ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak we biodürlüligini giňeltmek;
  • biotehnologiýanyň oba hojalyk, lukmançylyk, derman we azyk senagatlary boýunça ugurlaryny ösdürmek;
  • ylmyň molekulýar biologiýa, genetika, gen inženeriýasy, bioinženeriýa, biolukmançylyk, nanolukmançylyk, biodermançylyk, biomaglumat ugurlaryny ösdürmek;
  • biotehnologiýanyň häzirki zaman usullary bilen oba hojalyk ekinleriniň, mallaryň tohumçylyk we seçgi işlerini geçirmek, täze görnüşlerini, gibridleri döretmek, dürli azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmak;
  • ýerli mikroorganizmleriň häsiýetlerini öwrenmek bilen biotehnologiýanyň täze ugurlaryny döretmek;
  • azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we saklamak boýunça täze tehnologiýalar;
  • suwy arassalamagyň we zyýansyzlandyrmagyň innowasion tehnologiýalary, katalizatorlar we süzüjiler;
  • ýeri, suwy tygşytly ulanmagyň, ýeriň şoruny aýyrmagyň, ekinleri suwarmagyň netijeli täze tehnologiýalary;
  • täze ekologiki tehnologiýalar we ekologiýa taýdan arassa önümçilik;
  • bioýangyjyň täze görnüşleri we gibrid hereketlendirijili ulaglar;
  • Hazar deňziniň, Garagum çölüniň, Köpetdagyň, Köýtendagyň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ekologiýasy we biodürlüligi.

3. Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary boýunça:

  • kompýuter, aragatnaşyk serişdelerini we programmalaryny döretmek we kämilleşdirmek;
  • önümçiligi awtomatlaşdyrmak, maglumat ulgamlaryny, «elektron hökümeti» döretmek, çylşyrymly hadysalary ulgamlaýyn öwrenmek we olary dolandyrmagyň täze usullaryny işläp düzmek;
  • elektronika senagatyny we pudagyny, ylmyň fiziki we kwant elektronikasy, mikroelektronika we nanoelektronika ugurlaryny döretmek we ösdürmek;
  • kompýuter, aragatnaşyk, çylşyrymly tehnologiýalar we olary awtomatlaşdyrmak bilen baglanyşykly enjamlary, robot tehnikasy ulgamyny döretmek;
  • kosmos ulgamyny öwrenmek we ösdürmek, geografiki maglumatlar ulgamyny kämilleşdirmek.

4. Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary boýunça:

  • nanolukmançylyk, nanobiologiýa, nanobiotehnologiýa, genomika, proteomika, molekulýar biologiýa, öýjük bejergisi, farmakogenomika ugurlaryny ösdürmek;
  • keselleri anyklamak we bejermek üçin nanorobotlary döretmek;
  • telelukmançylyk ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek; sagdyn durmuş kadalaryny ýola goýmak, ekologiýa taýdan arassa iýmit önümleri bilen iýmitlenmek, keselleri bejermek üçin genetikanyň usullary boýunça dermanlary we olaryň mukdaryny dogry saýlap almak;
  • lukmançylyk ylmynyň täze ugurlaryny ösdürmek, ýerli çig mal esasynda täze bejergi serişdelerini döretmek, ýurdumyzyň tebigy we howa şertlerini keselleriň öňüni almak we olary bejermek maksatlary üçin ulanmak;
  • biotehnologiýanyň usullary esasynda täze derman serişdelerini we ekologiýa taýdan arassa iýmit önümlerini öndürmegiň, olary uzak wagtlap saklamagyň tehnologiýalary;
  • lukmançylyk maglumat we telekommunikasiýa usullaryny peýdalanmak, nanotehnologiýa esaslanýan has duýgur we takyk anyklaýyş we bejeriş usullaryny, tehniki serişdelerini, nanomateriallary döretmek;
  • saglygy goramagyň we ynsan ömrüni uzaltmagyň täze döwrebap tehnologiýalary.

5. Innowasion ykdysadyýet boýunça:

  • adamlaryň ylmyna, bilimine, döreden ýokary tehnologiýalaryna esaslanýan innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek;
  • bilim ulgamynyň ykdysadyýetini ösdürmek we kämilleşdirmek;
  • innowasiýalary, ýokary tehnologiýalary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna omaşdyrmak, ylmy köp talap edýän netijeli önümçiligi, pudagy döretmek we ýola goýmak;
  • önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek üçin marketing barlaglaryny geçirmek;
  • ýüze çykýan ykdysady, durmuş, tehniki, tehnologiki, ekologiki we maglumat häsiýetli meseleleri toplumlaýyn derňemek we ylmy taýdan esaslandyrylan amatly çözgütleri kabul etmek;
  • önümçilik kärhanalaryny, milli hojalyk, senagat we agrar toplumlary, ulag, logistika, aragatnaşyk we maglumat ulgamlaryny ykdysady taýdan yzygiderli kämilleşdirmek we döwrebap enjamlaşdyrmak;
  • hojalyk we durmuş-ykdysady meseleleri matematiki modelleşdirmek we ykdysady taýdan amatly dolandyrmak, durmuş-ykdysady ulgamda ýüze çykýan her bir hadysany, emele gelýän täze düzümleri öwrenmek, ulgamlaýyn derňemek;
  • adamyň aň-bilim mümkinçiliklerini rejeli peýdalanmak, maýa goýumlarynyň, bilimleriň, innowasiýalaryň, innowasion önümleriň we hyzmatlaryň bazaryny döretmek we giňeltmek;
  • çylşyrymly, toplumlaýyn, özara baglanyşykly meseleleri çözmek üçin innowasiýalardan, tehnikadan, tehnologiýalardan, ykdysadyýetden, dolandyrmakdan, maglumat usullaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak.

6. Ynsanperwer ylymlar boýunça:

  • türkmen halkynyň dilini, edebiýatyny, medeniýetini, sungatyny, däp-dessurlaryny, taryhy we edebi mirasyny, adamzat gymmatlyklaryna goşan goşandyny öwrenmek we ylmy dolanyşyga girizmek;
  • Türkmenistanyň gadymy medeniýetiň mekanydygyny, gözbaşy gadymy zamanlardan başlanýan ylmy we medeni ösüşleriň ojagydygyny ylmy taýdan subut etmek we dünýä ýaýmak;
  • türkmen halkynyň gözellikde we ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerini, nepis halylaryny, ak bugdaýyny we beýleki gymmatlyklaryny ylmy taýdan öwrenmek we ylmy dolanyşyga girizmek;
  • türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran tanymal şahsyýetleriň, şahyrlaryň, ýazyjylaryň, alymlaryň döredijiligini öwrenmek.

e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy