![]() |
![]() | ![]() Taryh we arheologiýa instituty |
|
||||
| ![]() ![]() ![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
|||||||
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyTürkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň taryh, arheologiýa, etnografiýa we antropologiýa ylmynyň wajyp we möhüm meselelerini öwrenmek, ylmy-barlag işlerini giň gerimde alyp barmak, Institutyň esasy wezipeleri we ýerine ýetirýän esasy işleri- taryh, arheologik we etnografik barlaglar boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmek; - maddy we ruhy gymmatlyklar baradaky maglumatlary halkyň arasyndan ýygnamak we ylmy taýdan öwrenmek; - dürli döwürlere degişli bolan taryhy çeşmeler esasynda ylmy barlaglary alyp barmak; - taryhy-arheologik ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmek, ýüze çykarylan arheologik gymmatlyklar esasynda halkyň umumy taryhyny öwrenmek; - daşary ýurtlaryň ylmy-barlag edaralary bilen ylalaşyk esasynda taryh, arheologiýa, etnografiýa, numizmatika boýunça monografiýalary ýazmak, sözlükleri düzmek, ylmy maslahatlary geçirmek, olardaky ylmy çykyşlary gysga ýa-da doly görnüşde çap etmek, medeni mirasy wagyz etmek; - ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna tejribelikleri geçmäge ýardam etmek aspirantlary, doktorantlary taýýarlamak. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyňTaryh we arheologiýa institutynda her ýyl ýerine ýetiriljek ylmy-barlag işleriniň ýyllyk meýilnamalary «Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň Häzirki wagtda institutda 4 ylmy bölüm hereket edýär. Gadymy we orta asyrlaryň taryhy bölümiBölüm, Türkmenistanyň çäginde eýäm iň gadymy döwürlerden başlap, ata-babalarymyz tarapyndan esaslandyrylan, dünýäniň ösen medeni ojaklarynyň hataryna giren has gadymky Täze we garaşsyzlyk döwürleriniň taryhy bölümiBölüm türkmen halkynyň ÕVII asyrdan başlap, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň syýasy-ykdysady, we medeni durmuşyna degişli wajyp meseleleri çuňňur öwrenýär. Türkmenleriň Täze döwürde erkinlik we özbaşdaklyk ugrunda alyp baran göreşleri, bitewi türkmen döwletini döretmek meýilleri ylmy nukdaýnazardan seljerilýär. Bölümde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň esasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni özgertmeleriň düýp many-mazmunyny, şeýle-de döwletiň halkara gatnaşyklarynyň we daşary syýasatynyň taryhyny giňişleýin öwrenmek we çuň açyp görkezmek maksady bilen, möhüm ylmy-barlag işlerini geçirilýär. Arheologiýa bölümiBölüm Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirmek bilen, ata-babalarymyzyň iň gadymy, antik we orta asyrlarda esaslandyran, kämillige ýetiren şäherleriniň we galalarynyň arhitektura aýratynlyklaryny, olaryň ilatynyň uzak taryhy döwürdäki ýaşaýyş-durmuşyny ylmy esasda öwrenýär, şonuň bilen bir Häzirki wagtda institutymyzyň arheologlary Beýik Ýüpek ýolunyň transgaragum şahasynyň ugrunda ýerleşen Paryzdepe, Daşlydepe, Şährihaýbar, Şähryslam, Isgendergala, Amul ýaly taryhy ýadygärliklerde arheologik gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar. Etnografiýa bölümiBölümde türkmen halkynyň maddy-medeni gymmatlyklary, milli ýörelgeleri, mukaddes ýerleriniň, egin-eşik, öý-hojalyk goşlarynyň, aşhana tejribeleriniň, durmuşy, hojalygy ýöretmegiň halky adatlary, zenan el işleri, dokmaçylyk we zergärçilik sungatlary, milli hünärmentçiligiň we senetçiligiň dürli görnüşleri, aýdym-saz sungaty, seýisçilik hünäri, ekerançylyk, maldarçylyk medeniýetleriniň taryhdaky we häzirki döwürdäki aýratynlyklar ylmy taýdan barlag edilýär, halkymyzyň dünýä medeni ösüşine goşan goşandyny ýüze çykarylýar we ylmy taýdan subut edilýär. Barlaglar ýerlere guralýan etnografik ekspedisiýalaryň, iş saparlarynyň netijesinde ele salynýan, şeýle hem taryhy çeşmelerde berilýän maglumatlara esaslanýar. Halkara gatnaşyklaryTürkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty häzirki döwürde Germaniýanyň Arheologiýa institutynyň Ýewraziýa bölüminiň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, şeýle hem Belarusyň, Çehiýanyň, Hindistanyň, Päkistanyň, Eýranyň, ABŞ,Angliýanyň, Ispaniýanyňm Fransiýanyň we Italiýanyň degişli institutularynyň we uniwersitetleriniň taryhçy, arheolog, etnograf-etnolog alymlary bilen ylmy hyzmatdaşlyk etmekligi göz öňünde tutýar. Institutynyň salgysy Aşgabat ş., 744000, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, j. 18. Tel: +99312 94-08-22 |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |