«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamlary ...
Şu gün paýtagtymyzda sanly ulgam arkaly «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen maslahat ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy.
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýakyn we orta geljek üçin ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, innowasiýalaryň ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň ösüşiniň özeni bolmalydygyny nygtaýar. Onuň esasynda bolsa, ilkinji nobatda, ylym we bilim hem-de halkara gatnaşyklar bar. Munuň özi diňe bir täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda däl, eýsem, milli ylym we bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda-da ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmyň önümçilige işjeň goşulmagy babatynda öňde goýan wezipeleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň himiýa institutynyň alymlarynyň işleriniň netijesinde öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmynyň ilkinji nobatdaky we geljegi uly wezipelerine ünsi çekip, milli ykdysadyýetimizi hem-de onuň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen depginli ösdürmek maksady bilen Diýarymyzyň tebigy serişdelerini gaýtadan işlemek we özleşdirmek boýunça tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtaýar.
Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty Durdymyrat Gadamow Türkmenistanyň günbatar sebitlerindäki ýanardag gelip çykyşly bazalt magdanynyň ummasyz gorlary kompozit serişdeleri öndürmek babatda giň mümkinçilikleri açýar diýip pikir edýär.
Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy- köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň laboratoriýalarynyň ählisi täze ýyldan doly hojalyk hasaplaşygyna geçdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde ylymyň ornuny ýokarlandyrmak, dünýäniň we ýurdumyzyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny, täzeçil usullaryny hem-de ylmyň gazananlaryny peýdalanmagy giňeltmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen ýurdumyzyň hünärmenleri ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda dürli önümleriň we serişdeleriň öňümçiligini ýola goýmak ugrunda ägirt uly işleri alyp barýarlar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ylmy işgärleriniň toparyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugynyň 836 belgili patenti gowşuryldy.
Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýuna bagyşlap, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar hem-de Taryh we arheologiýa institutlarynyň gurnamagynda «Bitarap Türkmenistan ÝUNESKO: taryhy we medeni ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk» atly onlaýn görnüşli teleköpri aragatnaşygy arkaly halkara ylmy maslahatyny geçirmeklik göz öňünde tutulýar.
Ýygyndyda çap edilen elliden gowrak işi ylmy-barlag institutlarynyň, senagat kärhanalarynyň esasy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy işgärleri ýerine ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Häzirki döwürde ýurdumyzda bina edilen täze myhmanhanalarda adamlaryň özlerini öýlerinde ýalýarkaýyn duýmaklary üçin degerli sertler üpjün edilendir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde alym Arkadagymyz halkymyzyň, esasan hem ýaş nesliň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak, olaryň ruhubelent, bilimli, ylymly bolmagy üçin özüniň jöwher paýhasyndan döreden täze eserini «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny halkyna peşgeş berdi.