Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Halkara deňiz portunyň gurluşygynda deňiz düýbünden çykarylan toprak Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda emeli ada döretmek üçin ulanylypdy.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berilýär, ýurdumyzyň ylym-bilim merkezleriniň dünýäniň öňdebaryjy ylym ojaklary bilen gatnaşyklary has işjeňleşýär.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdümyzyň ykdysadyýetini, ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek, ilkinji nobatda, ýokary tehnologiýaly innowasiýa merkezlerini we ylmy-barlag edaralaryny döretmek işleri durmuşa geçirilýär.
Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda sanly ykdysadyýete bagyşlanan okuw maslahaty başlandy. Çäräni ýurdumyzyň Ylymlar Akademiýasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilelikde guradylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň ýurdumyzyň ylmyny has-da ösdürmäge giňden gatnaşmagyna bagyşlanan «Ýaş alymlar berkararlygyň binýady» atly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň alymlary pudagyň hünärmenleri bilen bilelikde dürli oba hojalyk mallarynyň genofonduny saklap galmak, olary kesellerden goramak, öri meýdanlaryndan rejeli peýdalanmak boýunça barlaglary geçirýärler.
Türkmenmistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak durnukly ösüşiň esasy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň her çärýekde çykýan ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň birinji sany 2018-nji ýyl üçin neşiriň sanlarynyň tapgyryny açýar, ol öz sahypalarynda halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasy barada söhbet edýär.
«Ylym ösüşiň hereketlendiriji güýji» atly «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň ýardam bermeginde «Nebit-gaz» gazeti tarapyndan nebitgaz pudagyna degişli iň gowy ylmy-wagyz makalalaryny ýazmak boýunça döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi.
Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalary uniwesitetinde «Türkmenistanyň elektron senagatyny ösdürmegiň innowasion modeli» temasyndan ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.