Habarlar



"Ylym we tehnika milli ykdysadyýetin ganatydyr"

Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow
Baş sahypa
RSS 
     

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Peýdaly baglanyşyklar
Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw





| 13 | 12 | 11 | 10 | 9 | 8 | 7 | 6 | 5 | 4 | 3 | 2 | 1 |

Paýtagtymyzda halkara ylmy maslahat geçirilýär

2022-06-13

Şu gün paýtagtymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly iki günlük halkara ylmy maslahat öz işine başlady.


Ýaş alymlar — ýurdumyzyň ylmy kuwwaty

2022-06-13

Şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýylda Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän bu iri möçberli çäräni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar.


Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion

2022-06-11


Ylymlar güni mynasybetli sergi

2022-06-09

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenoba hojalyk uniwersitetinde ýaş alymlaryň Ylymlar gününe bagyşlanan ylmy taslamalarynyň iki günlük Sergi-bäsleşigi geçirildi. Bu ýerde oba hojalyk önümçiliginiň ähli pudaklaryna gönükdirilen taslamalar tanyşdyryldy.


Tehnologiýalar merkezi elektron resminama dolanşygyny ornaşdyrýar

2022-05-10

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Maglumatlar howpsuzlygy we kommunikasiýa tehnologiýalary laboratoriýasynda "E-DOC" Elektron resminama dolanşygy" programmasy işlenilip taýýarlanyldy.


Türkmenistanda kiberbäsleşigi geçirilýär

2022-04-30

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň web-saýtynda maglumat howpsuzlygy boýuça çäresini geçirmegiň Düzgünnamasy ýerleşdirildi.


Türkmenistanyň taryhy binalarynyň interaktiw kartasy

2022-04-23

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik döwlet gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalr merkeziniň Geografik maglumatlar ulgamy (GMU) laboratoriýasynyň EHM üçin progammasyny işläp taýýarlan toparyna 218 belgili awtorlyk şahadatnama gowşurdy.


Türkmenistan — Ýewropa: Ylym-bilim hyzmatdaşlygyň ösüşiniň depgini

2022-04-16

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigiň «ERASMUS+» maksatnamasynyň howandarlygynda «Geçiş ykdysadyýetli döwletler üçin senagat telekeçiligini dolandyrmakda magistr maksatnamasyny kämilleşdirmek — MIETC» atly taslama üstünlikli durmuşa geçirilýär.


Syýahat we gözegçilik üçin elektron kartalar

2022-03-29

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň Geografik maglumatlar ulgamy barlaghanasynda geografik maglumatlar ulgamy ulanylyp, sanly tematiki kartalaryň birnäçesi işlenilip taýýarlanyldy.


Täze tehnologiýalar şäher gurluşygynda

2022-03-22

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» innowasion toplumynda kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň «Nanoelektronika we zatlaryň interneti» ylmy-önümçilik merkezi hereket edýär.


Alternatiw energiýa çeşmeleri

2022-03-20

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň «Energiýatygşytlaýyş» laboratoriýasynyň hünärmenleri energiýanyň arzan alternatiw çesmesini, hususan-da, «ýaşyl» wodorod «almagyň» usullaryny işläp taýýarlaýarlar. Ýagny ekologiýa taýdan arassa ýangyç geljekde gazylyp alynýan elektrik energiýa çeşmeleriniň ornuny tutar. «Altyn asyr» türkmen kölüniň kenar ýaka töwereklerinde synag işleri alnyp barlar. Alymlar özboluşly biokatalizator ulanarlar.


Täze tehnologiýlar halkyň hyzmatynda

2022-03-16

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» innowasion toplumynda geçirilýän baýramçylyk sergilerinde görkezilen «Akylly ýol yşygy» we «Akylly awtoduralga» uniwersitetiň mugallymlary hem-de talyplary bilen bilelikde işlenilip taýýarlanyldy.


Ylmy işläp taýýarlamalar önümçilige

2022-03-10

Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň täze maddalaryň sintezi barlaghanasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) bilen baglaşan şertnamasynyň çäklerinde ýaglaryň çalgy, motor, dizel, senagat we beýleki görnüşleriniň öndürilişiniň tehnologiýasyny işläp taýýarlaýar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ýol bitumyny öndürýän enjamyndan alynýan wakum-gaz-ýag fraksiýasyndan binýatlyk ýaglaryň kompenentini almak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.


>Ylmy işläp taýýarlamalar önümçilige: elektron resminama dolanyşygy we awtomatlaşdyrylan çözgütler

2022-02-19

Bu gün biz Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň maglumatlar howpsuzlygy we kommunikasiýa tehnologiýalary barlaghanasynyň hünärmenleriniň işi barada gürrüň etmekçi, olar ýurdumyzyň dürli edaralaryna Elektron resminama dolansygy ulgamyny (ERDU) girizýärler.


Ylmy işläp taýýarlamalar önümçilige: buýan toşaply bulkajyklar we mineral suwy

2022-02-18

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasy ylmy ugurlaryň birnäçesini birleşdirýän, şol sanda biomaglumatlar tehnologiýalary babatda barlaglar geçirýär. Barlaghananyň işi ýurdumyzyň azyk bolçulygyna gönükdirilendir.

| 13 | 12 | 11 | 10 | 9 | 8 | 7 | 6 | 5 | 4 | 3 | 2 | 1 |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy