HormatlyPrezidentimizGurbanguly Berdimuhamedowyň beren gymmatly bahasyna görä, Türkmenistan Watanymyz ýedi müň kilometrden hem uzaklara uzap gidýän, iki müň ýyla golaý wagtlap dünýä halklaryna hyzmat eden Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi.
Gadymy Marguş döwletiniň taryhy barada söz açylanda, meşhur arheolog, Türkmenistanyň hormatly raýaty, akademik WiktorIwanowiç Sarianidi hakydaňda ör-boýuna galýar.
Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ylmy işgärler, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň guş galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly, ekologiýa taýdan arassa organiki mineral dökünleri almagyň täze usulyny teklip eden mugallymlar we talyplar toparyna oýlap tapyş üçin patent berdi.
Şu ýylyň 27-30-njy iýuny aralygynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Bagdat Amreýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary boldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatiy baştutanlygynda Türkmenistan senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzyň ylma we ýokary tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýeti dumukly ösýär.
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy, asylly däbe görä, Ylymlar güni mynasybetli guralýar.
Türkmenistanda alymlaryň, ylmy guramalaryň işgärleriniň güni bolan Ylymlar güni bellenildi. Şu mynasybetli paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly iki günlük halkara ylmy maslahat boldy.
Iýun aýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna 70 ýyl dolýar. Ol 1951-nji ýylda SSSR YA-nyň Türkmenistan şahamçasynyň esasynda respublikanyň tebigy we jemgyýetçilik ylymlary pudagynda ylmy-barlag işlerine ýolbaşçylygy we utgaşdyrmagy amala aşyrýan iň ýokary ylmy edara hökmünde döredildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan sergi açyldy.
Türkmenistanyň himiýaçy alymlary mineral, gidromineral we uglewodorod çig malyny toplumlaýyn gaýtadan işlemek, ýurduň ylym edaralary we ýokary okuw mekdepleri, şeýle hem Türkmenistanyň himiýa senagaty üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ylmy hem-de tehnologik işleri ýerine ýetirýärler.
Hormatly Prezidentimiz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzy Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryna çykarmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňieşdirmek, energiýanyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerine geçmek ýaly möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, bäsdeşilge ukyply, halkara ölçeglere laýyk gelýän, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen ouml;nümçilikieriň döredilmegine, «mawy ýangyjy» gaýtadan işläp, ýokary hilli gazhimiýa önümleriniň öndürilmegine ileri tutulýan ugurlar hökmünde garaýar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlar topary işjeňleşdirilen kömri buýan galyndylaryndan almagyň täze usulyny oýlap tapyp, ony önümçilige girizmegi teklip etdi.
Şu gün Türkmen döwlet medeniýet institutynda «Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty» atly utgaşdyrylan görnüşde halkara maslahat geçirildi.
Şu gün «Soltan Sanjaryň taryhy keşbi we türkmen halkynyň parahatçylyk, hoşniýetli dostluk taglymaty» atly halkara döredijilik duşuşygy öz işine başlaýar, Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim ministrlikleriniň,Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen döwiet medeniýet institutynda geçirilýän çärä ýurdumyzdan we daşary döwletlerden alymlaryň onlarçasy gatnaşýar.
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly geçirilýän «Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.