![]() |
![]() | ![]() Ylmy-barlag işlerinin netijeliligi |
|
||||||
| ![]() |
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() 2022-08-29 «Türkmenistan» gazeti, Ylmy-barlag işlerinin netijeliligiDiýarymyzda innowasiýany ösdürmek milli ykdysadyýetimizi has ýokary ösüş derejesine getirmek bilen baglydyr. Innowasion ykdysadyýetiň maksady meseleleri, ugurlary täze önümleri öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzmäge HormatlyPrezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda giň gerimli, toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär, Ylmy-barlag işlerini döwrebap alyp barmak üçin ylmy institutlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Olarda ylmy-barlag işlerini alyp barmaga, işgärleri taýýarlamaga Himiýa senagaty üçin gerek bolan çig mallaryň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlary eýelemek bilen, Türkmenistan tebigy serişdeleri dolulygyna we toplumlaýyn özleşdirmegi maksat edinýär. Milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri hasaplanylýan himiýa senagatyny häzirki döwrüň talaplaryna we şertlerine görä özgertmek möhüm wezipeleriň hatarynda dur. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň amaly-ylmy barlaglary alyp barýan edaralaryna Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, marketing usullary boýunça ylmy-barlaglary amala aşyrmaga we hojalyk hasaplaşygyndan alynýan girdejileriň hasabyna öz çykdajylaryny maliýeleşdirmäge ygtyýar berildi. Bu Karar ylmy depginli ösdürmäge, hil taýdan ýokarlandyrmaga, Maksatnamalary we özgertmeleri ylmy taýdan düýpli esaslandyrmaga, höweslendirmäge uly şert döredýär. Bu bolsa amaly-ylmy işleri alyp barmak, onuň netijelerini we ylmy-tehniki täzelikleri ykdysadyýetimize ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy-barlag, seljeriş işlerini geçirmek «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda üç ugur boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Olar, esasan, gidromineral Himiýa institutynda hereket edýän barlaghanalar, bölümler Soňky ýyllarda institutda altmyş ýedi tema boýunça ylmy işler alnyp baryldy we olar boýunça dokuz kitap neşir edildi. Ýerine ýetirilen işler boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan otuz ýedi patent alyndy, kyrk sany ylmy iş önümçilige ornaşdyryldy. Hut şu ýylyň özünde institutyň alymlary tarapyndan Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan iki sany oýlap tapyşlaryň çäklendirilen patentleri alyndy we olary önümçilige ornaşdyrmak üçin degişli çäreler durmuşa geçirildi. Gyzylgaýanyň demirli magdanyny sement önümçiliginde ulanmak mümkinçiligini öwrenmek boýunça synag-tejribe işleri alnyp baryldy. Şeýlelikde, «Sement zawodyndaky çig mallara laýyklykda, Gyzylgaýanyň demirli magdanyny sement önümçiliginde ulanmak mümkinçiliklerini öwrenmek» diýen tema boýunça ýerine ýetirilen iş önümçilige ornaşdyryldy we Delilnama alyndy. Geçirilen senagat synag tejribesiniň netijelerine laýyklykda, tetragidrat nitrat kalsiý himiki serişdesiniň önümçiligini ýola goýmak teklip edildi. Häzirki wagtda ýyladyşhanalarda dökün hökmünde ulanylýan bu serişdäniň daşary ýurtlardan getirilýändigini göz öňünde tutsak, bu önümçiligiň ýurdumyz üçin zerurdygy Deňiz suwuny süýjütmek boýunça hem senagat synag işleri geçirildi. Bu önümçiligiň ýola goýulmagy bilen Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän Täze innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, ýerli çig mallary ulanyp, içerki we daşarky bazarda uly isleg bildirilýän, bäsleşige ukyply önümleri öndürmek arkaly senagat pudaklaryny ösdürmek maksady bilen, Dokma senagaty ministrligi, «Türkmenhimiýa» Döwlet konserni, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi bilen ylmy geňeşleriň işi ýola goýuldy. Bu ylmy geňeşler aýda azyndan bir gezek geçirilip, olarda hünärmenler degişli meseleler boýunça özara pikir alyşýarlar. Ýaşlary ylma çekmek boýunça uly işler alnyp barylýar, institutyň binýadynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýatlyk kafedralary hereket edýär. Okuw-seminarlardyr amaly-tejribe sapaklarynyň hilini ýokarlandyrmakda bu kafedralaryň ähmiýeti örän uludyr. Talyplar Himiýa institutynyň işleri bilen tanyşýarlar, alymlardan we hünärmenlerden sapak öwrenip, nazaryýetde alan bilimlerini tejribede özleşdirýärler. Bu tejribeler olaryň geljekde ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam berer. Institutymyzda sanly ylmy ýola goýmagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ylmy-barlag işleri üçin degişli programma üpjünçiligini, ylym ulgamynda maglumatlary we resminamalary alyşmagyň içki elektron toruny Himiýa institutynyň işgärleriniň şu ýylyň maýynda Moskwa şäheri bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen «Hazar dialogy 2022» atly Halkara assambleýasynyň işine gatnaşandygyny we ylmy nutuklar bilen çykyş edendigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag edaralary bilen ylmy-amaly maslahatlar hem yzygiderli geçirilip durulýar. Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi Ylym babatda Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna çykarmak üçin uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, Hallymyrat ATAÝEW, |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |