![]() |
![]() | ![]() Innowasion ösüşiň girewi |
|
||||||
| ![]() |
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() 2022-07-08 "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti
Innowasion ösüşiň girewi07.07.2022 Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga saldamly goşant goşýarlar. Olaryň ylmy işleriniň we seljermeleriniň netijeleri senagatyň dürli pudaklarynyň ösüşini, ýerli çig mal ulanyp, içerki we daşarky bazarlarda ýokary bäsleşige ukyply önümleri öndürmek üçin şertleri döretmegi üpjün edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda Portland sement öndürmek üçin, «Maryşeker» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň kärhanasynda institutyň alymlary «Şeker we çakyr kärhanalarynyň galyndylarynyň esasynda zyýansyzlandyryjy erginleri almak» boýunça senagat synaglaryny geçirdiler we «Maryşeker» AGPJ esasy önümi bilen bir hatarda goşmaça önüm hökmünde emele gelýän esasy fraksiýadan (efirli-aldegid fraksiýasyndan) antibakteriýa serişdesini aldylar. Institutyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça işleri guramak babatda hem işler alnyp barylýar. Senagat kärhanalarynda aýlanýan sowadyjy suwlary arassalamak üçin ýerli çig mal esasynda «tetra- kalsiý nitratynyň gidraty» himiki reagenti ulanyldy. Himiýa institutynyň hünärmenleri Gyýanly polimer zawodynyň Institutda ýurdumyzyň senagat we durmuş kärhanalarynda «Maryazot» Önümçilik birleşiginde çykarylýan konsentrirlenmedik azot kislotasyny, ýurdumyzyň kärhanalarynda öndürilýän demir galyndylaryny we duz kislotasyny -demir hloridini (III) turşutmak ýoly bilen suw arassalamakda ulanylýan kaogulýant almagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Himiýa institutynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Gyýanly polimer zawodynda laboratoriýa şertlerinde alnan deňiz suwuny süýjetmek boýunça demir hloridi bilen synaglar geçirildi. Alymlaryň pikirne görä, ýerli çig maldan suw sýüjedijileriň işe girizilmegi bilen Hazaryň türkmen kenarynda deňiz suwuny ulanýan kärhanalaryň işi ýeňilleşer. Akjagül Saparowa, |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |