![]() |
![]() | ![]() ÖSUŞLERIŇ BERK BINÝADY |
|
||||||
| ![]() |
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() 2022-06-19 «Türkmenistan» gazeti, ÖSUŞLERIŇ BERK BINÝADY«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Millimaksatnamasynda» ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň esasynda milli önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunda ylmy-innowasion çözgütlere aýratyn orun berilýär. Bu babatda häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Analitiki himiýa», «Organiki däl maddalaryň tehnoiogiýasy», «ýergurluşy, ýerleriň kadastry we monitoringi», «Geoinformatika», «Geoekologiýa», «Biotehnologiýa (şol sanda bio-nanotehnologiýa)», «Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň esasyndaky energogurnawlar», «Ulgamlaýyn seljerme, informasiýany dolandyrmak we işlemek» ýaly hünärler boýunça 9 aspirant, 4 ylymlaryň kandidaty we 2 sany doktorlyk derejesine dalaşgärler taýýarlanylýar. Merkezdetäze innowasion infrastrukturany döretmek maksady bilen, Tehnologiýalaryň transfer merkezi döredildi. Transfer merkezine ylmy-barlaglaryň netijelerini täjirleşdirmegiň mümkinçiliklerine baha bermek, onuň strategiýasyny işläp düzmek, ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerini önümçilige ornaşdyrmak, intellektual eýeçilikden peýdalanmak hukugyny geçirmek, startaplary döretmek, maýa goýumlary çekmek, işewürlik inkubatorlary arkaly ýurdumyzda ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak boýunça möhüm işler alnyp barylýar. TYA-nyň Tehnologiýalar merkezinde «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 «Bitum desgasynda emele gelýän wakuum-gazoýl fraksiýasyndan baza ýaglaryny almak» atly ylmy-barlag işi boýunça barlaghana şertlerinde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan getirilen agyr wakuum gazoýl fraksiýasyndan ýeňil wakuum ýagyny almak üçin synaglar geçirildi. Alnan nusgalaryň fiziki-himiki görkezijileri kesgitlenildi. «Biotehnologiýanyň usullary arkaly nebitşlamly topraklary arassalamak «Ýerli dermanlyk ösümliklerden biologiki işjeň maddalary bölüp almagyň usullaryny işläp düzmek» atly ylmy-barlag iş boýunça çomujyň şepbik-sakyzynyň gury ekstraktyny almagyň usuly öwrenilýär. Eýýäm çomujyňsakyzynyň gury ekstraktyny almak üçin synaglaryň birnäçe tapgyrlary ýerine ýetirildi. Häzir alnan külkäniň klinikadan öňki barlaglary geçirilýär. «Uglerod nanoturbalaryny ýerli çig mallardan sintezlemegiň tehnologiýalaryny işläp düzmek» atly ylmy-barlag işi boýunça ýerli çig mallardan alynýan uglerod nanoturbalarynyň çykymyny artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak üçin dürli katalizatorlary ulanmaga degişli ylmy-barlag işleri geçirilýär. Nebitiň koksundan alnan nusgalaryň mikroskopik barlaglary geçirilip, himiki-fiziki häsiýetleri kesgitlendi. Uglerod nanoturbalarynyň dugaly toguň kömegi bilen alnyşynyň usulyýeti öwrenildi. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň täsir edýän çäklerinde dörediljektäze ekologiýa zolaklarynda suw we energiýa üpjünçiligi üçin ýerli tebigy serişdeleri peýdalanmagyň tehnologiýasyny işläp düzmek" atly ylmy-barlag iş boýunça Garagum sährasynda döredilýän ekozolaklarda ýerli suwy, ýeli, Güni, çägäniň ýylylygyny we biomassalary ýerlikli ulanmak maksady bilen, bar bolan mümkinçiligi öwrenmek üçin ylmy-seljerme işleri alnyp baryldy. Şeýle hem kölde ösýän suwotularyny ýerli organiki galyndylar bilen toplumlaýyn ulanmak arkaly gaz görnüşli alternatiw ýangyjy öndürmegiň biotehnologiýasynda bolup geçýän hadysalar seljerilip öwrenildi. Merkezde energiýany tygşytlamagyň 2018 «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 «Topragyň agrohimiki düzüminiň esasynda sanly tematiki kartalary işläp düzmek» atly ylmy-barlag işi boýunça Ýeri uzak aralykdan zondirlemek arkaly alnan kosmos suratlarynyň üsti bilen suwarymly ýerleriň monitoringini amala aşyrmagyň usulyýetleri öwrenildi. Tehnologiýalar merkeziniň alymlary we hünärmenleri tarapyndan şertnamalaýyn esasda alnyp barlan ylmy-barlag işleri, ýagny «Buýan köküniň goýy ekstraktynyň goşulmagy bilen çörek we çörek-bulka önümlerini taýýarlamagyň usulyny (resepturasyny) işläp düzmegiň ylmy esaslandyrmasy» atly ylmy-barlag işi Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Bereketli» söwda merkezine; «Kremniý karbidinden ýylmaýjy materiallary almagyň ylmy esaslary» atly ylmy-barlag işiniň netijeleri «Ülke» hususy kärhanasyna; «Granula görnüşindäki garyşyk NPS-döküni» atly ylmy-barlag işiniň netijeleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodyna; oba hojalyk ekinleri üçin toplumlaýyn ulanylýan dökün granulirlenen kükürt-bentonit öndürmegiň tehnologiki prosesini işe girizmek üçin tehnologiki reglament «Hünärli doganlar» hususy kärhanasyna; kombinirlenen biogoşundy «Guş toplumy» hojalyk jemgyýetiniň «Alaça» maldarçylyk toplumyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan merkeziň «Ýody arassalamak üçin enjam», «Nebit känini suwlandyrmak arkaly özleşdirmek usuly» we «Gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdelerini utgaşdyryp, gök önümleri ter saklamagyň tehnologiýasy» atly ylmy işlerine oýlap tapyşyň çäklendirilen patentleri berildi. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan «Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän arheologik ýadygärlikleriň sanly interaktiw kartasy» atly EHM üçin programmanyň, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 Tehnologiýalar merkeziniň ähli barlaghanalary we bölümleri Ýurdumyzyň ylmyny hil taýdan täze, ösüşiň dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmek Arkadagly Serdarymyzyň ylmy jemgyýetçiligiň öňünde goýan möhüm wezipesidir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylmy ösdürmek barada edýän bimöçber aladalary alymlary elmydama döredijilikli, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ylym bilen meşgullanmaga döreden giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, Durdymyrat GADAMOW, |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |