![]() |
![]() | ![]() Ylymlar güni mynasybetli sergi |
|
||||||
| ![]() |
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() 2022-06-09 "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti
Ylymlar güni mynasybetli sergi08.06.2022 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmenoba hojalyk uniwersitetinde ýaş alymlaryň Ylymlar gününe bagyşlanan ylmy taslamalarynyň iki günlük Sergi-bäsleşigi geçirildi. Bu ýerde oba hojalyk önümçiliginiň ähli pudaklaryna gönükdirilen taslamalar tanyşdyryldy. Weterinariýa bölüminiň Sergide gür ülje baglygynyň kiçeňräk görnüşdäki nusga-maketi hem bolup ony taýýarlan agronomçylyk bölüminiň Sergide görkezlýän taslamalaryň birnäçesi pagtaçylyk pudagyny we onuň esasynda dokma senagatyny ösdürmäge bagyşlanypdyr. Uniwersitetiň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek bölüminiň Sergide ýüpekçiligi, galla, gök önümleri, miweçiligi şeýle-de oba hojalyk pudagynyň beýleki ugurlaryny ösdürmäge bagyşlanan taslamalar hem görkezildi. Olaryň birnäçesi oba hojalygyny sanlylaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Şeýle taslamalaryň hatarynda doly derejede awtomatlaşdyrylan «akylly şitilhanalary», «akylly ammarlary», ulag duralgalaryny belläp geçmek ýerliklidir. Taslamalaryň awtorlary dronlar arkaly ýerden dolandyrylýan uçujy gurallaryň kömegi bilen mallaryň örülerine we ekerançylyk meýdanlaryna gözegçiligi ornaşdyrmagy maslahat berýärler. Talyplaryň ylmy işlerinde oba hojalyk kärhanalarynda energiaýanyň alternatiw çeşmelerini ýel energiýasyny, Gün batareýalaryny we beýlekileri ulanmak boýunça birnäçe täze, özboluşly pikirler öňe sürülýär. Çäräniň ahyrynda ýeňijileriň we sylaga mynasyp bolanlaryň atlary yglan edildi. Anastasiýa Kasýanowa |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |