Habarlar

Türkmenistanda kiberbäsleşigi geçirilýär

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
RSS 

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2022-04-30

"Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Türkmenistanda kiberbäsleşigi geçirilýär

29.04.2022

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň web-saýtynda maglumat howpsuzlygy boýuça «Kiberbäsleşik» çäresini geçirmegiň Düzgünnamasy ýerleşdirildi.

Bäsleşik Türkmenistanyň maglumat giňişligini kiberhowplardan goramak, kiberhüjümleri ýüze çykarmak, duýdurmak, olaryň öňüni almagy başarýan hünärmenleriň kiberhowpsuzlyk babatynda bilim derejelerini ýokarlandyrmak we bu ugurda ýaş hünärmenleri höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.

Türkmenistanda maglumat howpsuzlygy «Kiberbäsleşik» çäresine Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hünärmenleri, işgärleri, professor-mugallymlary we talyplary gatnaşyp bilýärler.

Bäsleşik Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň utgaşdyrmagynda her ýylyň aprel-oktýabr aýlarynda üç ýagny, edara ara, toplum ara, umumydöwlet tapgyrlarda geçirilýär.

Swetlana Çirsowa



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy