Habarlar

Ýerli çig maldan öndürildi

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
RSS 

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Peýdaly baglanyşyklar
Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2022-02-11

"Altyn asyr" elektron gazeti

Ýerli çig maldan öndürildi

10.02.2022

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň işgärleri ýerli çig maldan kalsiý nitratynyň tetragidratyny almagyň usulyny işläp düzdüler.

Bu organiki däl birleşme senagat önümçiliginde, hususan-da, sowadyş ulgamyny — sowadyjy diňleri we suw bilen üpjün edýän geçirijileri poslamadan goraýan reagent hökmünde giňden ulanylýar. Kalsiý nitraty oba hojalygynda azot dökünleri hökmünde ulanylyp bilner. Daşary ýurtly alyjylarda şu maksatlar üçin her ýyl diňe Gyýanly polimer zawodyndan ýüz tonnadan gowrak kalsiý nitratyny satyn alýarlar.

Himiýa institutynyň barlaghanasynda bu madda azot kislotasynyň esasan kalsiý karbonatdan ybarat tebigy hek daşy bilen pes temperaturada zyýansyzlandyrylmagy arkaly alyndy.

Alymlar reaktiw hökmünde Marynyň «Maryazot» önümçilik birleşigi tarapyndan öndürilýän konsentrirlenmedik, himiki, organiki däl kislotany we gaýtadan işlenýän mermer galyndylaryny, himiki taýdan çöken heki, mineral kalsiti ulandylar.

Bu synagyň netijesinde täze usuly işläp düzen Himiýa institutynyň, «Maryazot» önümçilik birleşiginiň we «Aziýa önümi» HJ-iň hünärmenleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn şertnama baglaşyldy. Synaga gatnaşanlar ýerli çig maldan reagentiň (üç tonnadan gowrak) synag-senagat toplumyny taýýarladylar, bu toplumyň kömegi bilen Gyýanly polimer zawodynyň suw sowadyş ulgamynda synaglar geçirildi.

Synag ýerli çig maldan sintezlenen önümiň suwuň kalsiý we karbonat gatylygyny artdyrýandygyny we turbalary poslamakdan gorap saklaýan kislota-aşgarly gorag gatlagy bilen üpjün edýändigini görkezdi.

Barlaghananyň müdiri Esger Annahanowyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugyna ýerli çig maldan kalsiý nitratynyň tetrahidratyny öndürmegiň innowasion usulynyň awtorlygyny tassyklaýan resminamany almak üçin arza berildi.

Wladimir Komarow



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy