Habarlar

Tehnologiýa merkezi: hojalyk hasaplaşygy esasynda ylmy barlaglar

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
RSS 

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Peýdaly baglanyşyklar
Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2022-01-11

"Altyn asyr" elektron gazeti

Tehnologiýa merkezi: hojalyk hasaplaşygy esasynda ylmy barlaglar

10.01.2022

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologýialar merkeziniň laboratoriýalarynyň onusy täze ýyldan işi ýöretmegiň hojalyk hasaplaşygy usulyna geçdi.

Häzirki wagtda Merkeziň laboratoriýalarynda bio-, nano-, maglumaltlar tehnologiýalarynda, maddalaryň, molekulýar biomateiallaryň, uglewodorod çig mallarynyň fiziki-himiki çuňňur öwrenilmeginde we beýleki barlaglarda ylmy pudagara barlaglar toplumy geçirilýär. Tehnologýialar merkezinde geçirilýän barlaglaryň netijeleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ählisinde, şol sanda oba hojalygynda, lukmançylykda, farmasewtikada, ekologiýada, azyk, himiýa, nebit himiýasy senagatynda ulanylýar. Energiýanyň görnüşleri boýunça ylmy barlaglar halk hojalygyna energiýanyň alternatiw çeşmelerini ornaşdyrmak, energiýadan netijeli peýdalanmak meselelerini çözmgäge kömek eder.

Ýerli çig maldan — azyklyk önüm

Merkeziň biotehnologiýalar laboratoriýasynyň hünärmenleri senagat taýdan limon turşusyny almak boýunça barlaglary geçirdiler. Mikolog Lýudmila Gulmämmedowanyň aýtmagyna görä, ol «aspergillus niger» kömelegini we «melassanyň» — mekgejöwen toşabynyň ulanmagy arkaly alyndy. Häzirki wagtda laboratoriýanyň hünärmenleri synaglar arkaly limon turşusyny aňryçäk möçberde köp almak üçin substratyň düzümini saýlaýarlar.

Emeli sintezirlenen önüm şerbetler, gök-miweler üçin gowy konserwant bolmak bilen birlikde, olara ýakymly turşulyk berip, tagamynyň hilini gowulandyrýar. Düzümine olary uzak möhletleýin saklamak üçin limon turşulygy goşulýan balyk we et konserwalary, maýonezler şeýle sypata eýe bolýarlar. Bir söz bilen aýdanyňda, adaty limon turşusy durmuşymyzda ýerini tutup bolmajak önüme öwrülýär. Onuň ýerli çig maldan senagat derejesinde öndürilmegi telekeçilere ummasyz walýuta serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berer.

Laboratoriýanyň alymlary topragy nebit öümlerinden arassalamagyň biologik usulyny we pürli agaçlaryň kesellerine garşy derman döretmek ugrunda hem iş alyp barýarlar. Laboratoriýa müdiri Aýna Ataýewanyň aýtmagyna görä, biologlarlar çalt ösýän Pawlonoiýa agajyny ýetişdriýän telekeçilere gyradeň sagdyn nahallary çalt we ýokary hilli ýetişdirmegi teklip etdiler. Munuň üçin ony köpeltmegiň öňdebaryjy we düýpgöter täze usuly — ösümlikleri mikroklonal köpeltmek, başgaça aýdanyňda, başlangyç nusgasyna kybap in vitro şertlerinde ösümlikleri almak usuly ulanyldy.

Şu ususlda alnan ösümlikler çalt geçýär. Olar wiruslardan çalt azat bolýar. Işi bu usulda ýyl boýy ulanyp, nahal üçin ulanylýan meýdany ep-esli tygşytlap bolýar.

Uglerod nanotrubkalar, nanobolejikler, gün batareýalary

Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologýia merkeziniň nanotehnologiýalar bölümi ýokary gyzgynlykda gaz-fazaly himiki çöküni usuly arkaly bir gatly nanaotrubkalary alamk boýunça synag geçirdi.

Nanotrubkalar elektronikada, älem (kosmos) senagatynda, lukmançylykda, gurluşykda ualnylýar. Olardan biosensorlar, elektron nanokomponentler we geçiriji kompozision materiallary döretmek üçin peýdalanýarlar. Lukmançylykda nanotrubkalary dermanlyk maddalary ýaýradyjylar hökmünde ulanmak göz öňünde tutulýar.

Dünýäde eýýäm nanotrubkalardan tok geçirijiligi güýçli we berkligi babatda polatdan hem berk uzyn uglerod nanotrubkalary döredildi. Tehnomerkeziň laboratoriýalarynda nanotrubkalary metandan we nebit koksundan almak göz öňünde tutulýar.

Bu ýerde arzan we ulanylmasy aňsat gün batareýalaryny döretmek boýunça-da işler alnyp abrylýar.

Mundan başga-da, bu ýerde dürli metallaryň (misiň, altynyň, titanyň we beýleki metallaryň) nanobolejiklerini almagy özleşdirdiler.

Bölüm müdiri Halmyrat Orunbaýew nanobolejikleriniň özboluşly sypatlaryny ulanyp makrobölejikleriň we makrogurluşlaryň sypatyny düýpli üýtgedip, maddalara, gaty jisimlere mahsus bolmadyk sypatlary berip bolýar. Mysal üçin, metallaryň, erginleriň täze birleşmelerini döredip, nanobolejikleriniň biraz bölegini goşup, materiallaryň fiziki-mehaniki sypatlaryny üýtgedip, adaty materiallaryň sypatlaryny ýokarlandyryp bolar.

Möhüm ugurlara maýa goýumlary

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilýän ylmy-barlag, tejribe-konstruktorçylyk we tejribe-tehnologik işleriň netijelerini durmuşa geçirmäge hem-de ornaşdyrmaga ylmy edaranyň transfer merkezi saldamly goşant goşýar. Ol birnäçe ýyl mundane ozal Tehnologiýalar merkezinde ýerli önümçiligi ösdürmeklige we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga ýardam etmek maksady bilen döredildi. Merkeziň maksatlarynyň biri-de — ylmy işleriň netijeleriniň telekeçilik üçin giň mümkinçilikler döredip, peýda görmek, intellectual eýeçiligi döretmek, intellektual eýeçiligi ýüze çykarmak we ondan peýda görmek üçin maliýe serişdelerini çekmek, çalt ösýän kompaniýalary (startaplary) döretmek, ýurdumyzda ýaş telekeçileri goldamak arkaly ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmakdyr.

Startaplara we kiçi hem-de orta telekeçiligiň biznes-inkubatorlaryna innowasion taslamalary ornaşdyrmakda möhüm ugurlaryň biri-de ministrlikler we pudaklaýyn edaralar üçin önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanşykly taslamalardyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ilkinji gezek transfer merkezinde uzak möhletleýin maýa goýumlaryny çekmek bilen biznes-inkubatorlara ornaşdyrmak üçin awtorlyk oýlap tapyşlaryň ählisiniň maglumatlar banky döredilýär.

Biz ýaş teleekçiler üçin biznes-inkubatorlarda dokma senagaty, ýüplügiň hilini gowulandyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berýäris — diýip, ykdysady ylymlaryň kandidaty Ogulsuraý Ataýewa bilen ykdysady ylymlaryň kandidaty Berdinazar Hudaýnazarow gürrüň berýärler. — Biz şeýle hem startaplar we biznes-inkubatorlar üçin «gaprin» — mallar üçin ýokary ýokumly iým döretmek boýunça taslamalary işläp taýýarlaýarys.

Transfer bölümi balyk uny, stanok gurluşygy, awtomobil gurluşygy, ýüň ýüplük we ketgut hem-de beýlekiler ýaly ýokary girdejili we örän gyt önümçilige daşary ýurt maýa goýumalryny çekmek üçin iş alyp barýar.

Tehnopark biznes-inkubatorlar bilen bilelikde «Eksport amallarynyň guraly we tehniki çözgüdi» gysga möhletleýin treningleri boýunça okuw maksatnamasyny taýýarlaýar.

Wladimir Komarow



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy