![]() |
![]() | ![]() Arheolog zenan |
|
||||||
| ![]() |
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() 2021-12-11
Arheolog zenan11.12.2021 Bäşimowa Nurgözel ýaşlygyndan zähmetsöýer ýaşlaryň biri bolup, ol Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň haly bölümini tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetine okuwa girýär. Ol şol ýerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Ýegen Atagarryýewden tälim alyp, orta asyrlaryň syrçaly keramikasynyň ýasalyş usullaryny, nagyşlanyşyny we syrçalanylyşyny çüňňur öwrenip, şol mowzukdan ylmy işlerini ýazýar. Bu işi ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän orta asyr arheologik ýadygärliklerinde geçirilýän gazuw-agtaryş ylmy-barlag işlerine gatnaşyp, tapylan syrçaly keramikalary öwrenýär we goňşy döwletleriň orta asyr ýadygärlikleri bilen deňeşdirme işlerini geçirýär. Soňra Türkmenistanyň arheologik we binagärlik ýadygärliklerini öwrenmekde uly işleri bitiren, keramikadan birnäçe ylmy iş ýazan Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, dünýä meşhur alym Galina Pugaçenkowanyň ylmy ýolbaşçylygynda aspirantura dalaşgär bolýar. Özbegistanyň Daşkent şäheriniň döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň arheologiýa kafedrasynyň müdiri, ömrüni Merwiň ýadygärliklerini öwrenmeklige bagyş eden Zamira Usmanowa, Merwiň keramiki ussahanalaryny açyp keramikadan uly iş ýazan Swetlana Lunina ýaly ussat arheologlar bilen tanşyşýar, olaryň sapaklaryna gatnaşyp, bilimini artdyrýar. Şeýlelik bilen Nurgözel Bäşimowanyň ylmy işiniň esasynda G.A.Pugaçenkowanyň redaktorlyk etmeginde, 1989 ýylda «Günorta Türkmenistanyň syrçaly keramikasy Türkmenistanyň çäklerindäki orta asyr ýadygärliklerinden ýüze çykarylan keramika, aýna, metal önümleri we olaryň ýüzündäki bezegleri, şeýle-de orta asyr binalaryndaky, haly nagyşlary we beýleki tapyndylar barada ýazan makalalary diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem Tatarystan, Özbegistan, Beýik Britaniýa, Russiýa, Hindistan we Ýaponiýa ýaly daşary ýutlaryň neşirlerinde hem çap edilýär. N.Bäşimowa medeni miras bilen bagly ýurdumyzda döwlet we halkara derejesinde geçirilen ylmy maslahatlaryň onlarçasyna şeýle-de daşary ýurtlarda, şol sanda Özbegistanyň Daşkent we Samarkant, Hindistanyň Deli, Azerbaýjanyň Baku, Russiýa Federasiýasynyň Kazan, Turkiýäniň Antalýa we Stambul şäherlerinde geçirilen maslahatlara hem gatnaşdy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan Amuldaky geçirilen gazuw-agtaryş işlerine Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň taryh mugallymlary we talyplary hem tejribe geçmekleri üçin gatnaşdyryldy. Talyplara gazuwyň geçirilişi we tapyndylary sanawa alnyşy, olara aýry-aýrylykda häsiýetnama berlişi we umuman Amul ýadygärligi barada hem-de ol ýerde işlän alymlar barada giňişleýin gürrüň berildi. Amulda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri barada «Türkmenistanda ylym we tehnika» atly ylmy žurnalda we metbugatda birnäçe makalalar yzygiderli çap edildi. Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolynyň ugrundaky ýadygärliklerden täze tapylan tapyndylara bagyşlanyp taýýarlanýan makalalar ýygyndysy üçin Amul ýadygärligi barada suratly ylmy makala taýýarlanyp tabşyryldy. N.Bäşimowa N.Bäşimowa Azady Myradow |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |