Habarlar

Türkmen dili — döwlet dili

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2021-10-30

«Türkmenistan» gazeti,
2021-10-29

Türkmen dili — döwlet dili

Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynyň çapdan çykyp, okyjylar köpçüligine ýetirilmegi baýramçylyk şatlygymyzy has-da goşalandyrdy. Bu kitap milli buýsanjymyz hem baýlygymyz bolan türkmen diliniň döwlet dili derejesine eýe bolmagy bilen bagly gymmatly maglumatlary hem özünde jemleýär.

Kitabyň«Türkmen halky — döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk eýesi» atly bölüminde Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda gürrüň gozgalyp, bütin ýurtda bolup geçen hadysalar bilen ýakyndan baglanyşykly meseleleriň üstünde durlup geçilýär. Hormatly Prezidentimiz kitapda: «...1990-njy ýylyň 24-nji maýynda „Dil hakyndaky“ Kanunyň kabul edilmegi hem taryhy waka bolupdy. Ol respublikada ýaşaýan beýleki halklaryň diliniň erkin ösmegine hem ulanylmagyna kepillik bermek bilen, türkmen diline döwlet dili statusyny berdi» diýip bellemek bilen, türkmen diliniň resmi taýdan döwlet dili hukugyna eýe bolmagyna taryhy waka hökmünde baha berýär. Bu bolsa dilimiz babatdaky wakalaryň jemi hökmünde orta çykýar. Dilimiziň şondan soňky döwür içinde ösüşi we onuň bilen bagly geçirilen çäreler türkmen dil biliminiň taryhyna göz aýlanyňda, hasda aýdyň ýüze çykýar. Dilimize döwlet dili statusynyň berilmegi bu ugurda möhüm meseleleriň çözülmegine kanuny esas bolup hyzmat etdi. Elbetde, ene dilimiziň döwlet dili hukugyna eýe bolmagy, onuň bilen bagly çäreleriň çözülişi we olaryň netijeleri baradaky wakalar diňe bir milli dil bilimimiziň ösüşinde däl, eýsem, döwlet berkararlygynyň binýatlaryny öwrenmekde-de aýratyn ähmiýetlidir.

«...1990-njy ýylyň 24-nji maýynda „Dil hakyndaky“ Kanunyň kabul edilmegi hem taryhy waka bolupdy. Ol respublikada ýaşaýan beýleki halklaryň diliniň erkin ösmegine hem ulanylmagyna kepillik bermek bilen, türkmen diline döwlet dili statusyny berdi».

Hormatly Prezidentimiziň
«Garaşsyzlyk —bagtymyz» atly kitabyndan.

Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ene dilimizi ösdürmäge döwlet derejesinde çynlakaý üns berilmegi we bu barada alada edilmegi zerurdy. Hut XX asyryň 80-nji ýyllarynda türkmen dilini milli esasda öwrenmäge bolan gyzyklanmanyň görnetin artandygy duýulýar. Özi-de, şu döwürde türkmen edebi diliniň wagty ýeten ençeme meselelerini çözmek ugrunda birnäçe işler alnyp barlypdyr, Türkmen diliniň dürs ýazuw kadalaryndaky ýüze çykýan kynçylyklar bilen bagly pikirler şol döwrüň metbugat sahypalarynda çekişmäniň döremegine sebäp bolupdyr. Bu meselede Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymgulynyň adyny göterýän institutynyň ylmy işgärleri işeňňirlik görkezipdirler. Institutyň alymlarydyr ylmy işgärleri baý dilimizi, onuň sözlük düzümini, nusgawy edebiýatymyzy hem-de edebi mirasymyzy ylmy esasda çuňňur öwrenmäge, dilimiziň baýlyklaryny aýap saklamaga, türkmen edebiýatynyň genji-hazynasyny ähli gymmatlyklary bilen halkymyza ýetirmäge giň mümkinçilik aldylar. Bu ugurda Döwlet maksatnamasynyň tassyklanmagy giň gerimli işleriň alnyp barylmagyna badalga boldy. Türkmen dilini öwretmek üçin ýörite okuwlar guraldy. Ýurdumyzyň ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde döwlet dilini öwrenmäge berilýän sagatlaryň sany has-da artdyryldy. Pudak ýygnaklary türkmen dilinde alnyp barylmaga çalşyldy. Şeýlelik bilen, dil syýasatynyň esasy ýörelgesi Türkmenistanda ýaşaýan her bir raýatyň döwlet dilini suwara bilmegini gazanmakdan ybarat boldy.

Türkmen dili ýurt Garaşsyzlygyny döwlet dili hukugynda garşylady. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda dilimiziň amaly meselelerini, ýagny elipbiýi we dürs ýazuw kadalaryny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseläni çözmeli boldy. Türkmenistan Respublikasynyň «Dil hakynda» Kanunyny durmuşa geçirmegiň Döwlet maksatnamasynyň III bölüminiň 3-nji bendinde «Türkmen edebi diliniň grafikasyny we orfografiýasyny kämilleşdirmek baradaky teklibi taýýarlamak» bilen bagly işler görkezilip, ony ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň öňünde wezipe edilip goýuldy.

Garaşsyzlygymyzyň aýdyň ýolunda döwlet dili hukugyny alan türkmen diliniň durmuşdaky ornuny güýçlendirmek we türkmen elipbiýini kämilleşdirmek meseleleri bilen baglanyşykly işlere aýratyn ähmiýet berildi. Şu meseleleriň çözgüdi bilen bagly çykyşlar 1991-nji ýylda metbugat sahypalarynda giň gerime eýe boldy. Türkmen milli elipbiýi baradaky makalalar metbugatda çap edilip, köpçülige ýetirildi. Olarda, esasan, üç pikire agram berildi. Birinjiden, öňki elipbiýi kämilleşdirmek, ikinjiden, latyn harplaryna esaslanýan elipbiýe geçmek, üçünjiden, gadymy oguz-türkmen ýazuwyna gaýdyp gelmek ündeldi. Özi-de halkymyza bu mesele bilen bagly öz garaýyşlaryny aýtmaga doly mümkinçilik berildi. Metbugatdaky çykyşlaryň agramly böleginde ýazuwymyzy dilimiziň tebigatyna laýyk gelýän latyn harplaryna esaslanýan täze elipbiýe geçirmegiň amatlydygy nygtaldy. Esasy köpçülik türkmen diliniň ses gurluşyny şöhlelendirip biljek latyn harplaryna esaslanýan elipbiýe täzeden geçmek pikirini makullady. Ony oýlanyşykly çözmek üçin zerur şertler döredildi. Meseläni maksadalaýyk ýerine ýetirmek üçin ýörite Hökümet topary işledi. Ýurdumyzyň dilçi alymlarynyň, dürli hünärdäki hünärmenleriň tekliplerine garalyp, olar bilen pikir alşyldy. Öňki tejribeler doly öwrenilip, goýberilen kemçilikler sapak edinildi.

Türkmen diliniň häsiýetli aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, esasan, her bir sese aýratyn harp — belgi almak ýörelgesinden ugur alnyp düzülen 30 harpdan ybarat täze türkmen elipbiýi Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 12-nji aprelindäki Permany esasynda resmi taýdan kabul edildi.

Türkmen diliniň täze elipbiýiniň resmi taýdan tassyklanmagy we kanuny güýje eýe bolmagy bilen, ol ýuwaş-ýuwaşdan durmuşa ornaşyp ugrady. Şonuň bilen bagly täze elipbiýiň harplaryny öwrenmek we öwretmek, ýazmak we okatmak üçin ýeňil bolan ýazmaça şekilleri işläp düzmek meselesi hem ýüze çykdy. Täze elipbiýdäki harplaryň ýazmaça şekillerini döretmek boýunça iş alnyp baryldy we onuň esasy ýörelgeleri kesgitlendi.

1993-nji ýylda kabul edilen türkmen elipbiýi ýuwaş-ýuwaşdan durmuşa ornaşdyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda kabul eden Kararyna laýyklykda, 1995-1996-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 1-5-nji synplarynda ähli okuw derslerini türkmen milli elipbiýinde okadyp başlamak karar edildi. Bu möhüm işiň esasy ugurlarynyň biri täze elipbiýde okuw kitaplaryny, gollanmalary öz wagtynda neşir edip, mekdeplere ýetirmek bolsa, ikinji ugur mugallymlaryň täze elipbiýimizi birkemsiz öwrenmeklerini gazanmakdan ybaratdy. Şu maksat bilen institutyň alymlary hem-de bilim işgärleri okuwçylaryň dynç alýan döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde iş saparlarynda boldular, 1-5-nji synplary täze elipbiýde okatjak mugallymlar üçin ýörite okuwlar geçirildi. Halk köpçüligi üçin gündelik metbugatda, milli teleýaýlymlarda we radiogepleşiklerde çykyşlar guraldy. Täze ýazuwy öwretmäge, ony özbaşdak öwrenmäge niýetlenen hem-de türkmen dili boýunça okuw gollanmalary ýazyldy we neşir edildi. Şeýle çäreler özüniň örän oňat netijelerini berdi we kabul edilen çözgütleriň çalt amala aşyrylmagyna ýardam etdi.

Anyk meýilnama esasynda geçirilen çäreler gowy netije berdi. Şeýle işler diňe bir milli elipbiýimizi çalt özleşdirmäge ýardam etmän, eýsem, döwlet diliniň durmuşa ornaşyşyna-da uly täsir etdi, onuň hereketini has çaltlandyrdy. Ýokary we orta mekdeplerde dersler, esasan, döwlet dilinde okadylyp ugraldy. Orta mekdeplerde türkmen diline berilýän sagatlaryň sany artdyryldy, olarda täze elipbiýe geçiş tamamlandy, Şonuň bilen bir hatarda jemgyýetiň döwlet dilini biliş derejesi düýpgöter ýokarlandy. Bu bolsa döwlet dili we milli elipbiý bilen baglanyşykly meseleleri gutarnykly çözmegiň wagtynyň gelendiginden habar berýärdi.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň 1999-njy ýylyň 27-29-njy dekabryndaky IX Döwlet maslahatynda bu mesele gutarnykly çözüldi. Maslahatda «Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet dolandyryşynyň işine, durmuşyň ähli ugurlaryna türkmen dilini we türkmen milli elipbiýini ebedilik ornaşdyrmak hakyndaky» örän möhüm Karar kabul edildi. 2000-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurdumyzda çykýan gazet-žurnallar täze türkmen elipbiýinde neşir edilip başlandy.

2000-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Prezident köşgünde alymlaryň, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen dilini we elipbiýini ornaşdyrmak barada maslahat geçirildi. Maslahatda ene dilimizi mundan beýläk-de ösdürmek, kämilleşdirmek barada gürrüň edildi. Onda türkmen milli elipbiýini kämilleşdirmek maksady bilen, üýtgeşmeler girizmek hakynda karara gelindi hem-de şonuň esasynda «Türkmen milli elipbiýini kämilleşdirmek hakynda» Karar kabul edildi. Bu bolsa türkmen dilini çuňlaşdyryp öwrenmek we täze elipbiýimizi durmuşymyza düýpli ornaşdyrmak bilen bagly meseleleriň döwlet tarapyndan hemişe üns merkezinde saklanýandygyny ýene bir gezek görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Esasy Kanuny, buýsançly Baýdagy, owadan Tugrasy ýaly, mähriban halkymyzyň dili hem bahasyna ýetip bolmajak hazynamyzdyr. Dilde halkyň ruhy ýaşaýar. Belent ruhumyzyň, beýik galkynyşlarymyzyň nyşany bolan, dürli öwüşginlere baý ene dilimize buýsanmak, ony ylmy esasda öwrenmek, ýaşlarymyzda ösen dil medeniýetini kemala getirmek biziň her birimiziň borjumyzdyr,

Hezretguly DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň
direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy