![]() |
![]() | ![]() Gadymy Amulyň tapyndylary |
|
||||||
| ![]() |
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() 2021-10-28
Gadymy Amulyň tapyndylary28.10.2021 Amul häzirki Türkmenabadyň eteginde ýerleşýän uly orta asyr şäheridir. Amulyň geografik ýerleşişini Orta Amyderýanyň Kelif, Zemm, Nawidah we Farap ýaly beýleki dört şäheriniňki ýaly, amatly güzer ýeri kesgitläpdir. Şäher ýygy-ýygydan orta asyr awtorlary: «Amul» adynyň gelip çykyşy entek kesgitlenmedik; XV asyryň ahyryndan bu at Çärjew ady bilen çalşyrylýar. Şeýle-de bolsa, XVIII XIX asyryň Ýewropa kartalarynda käwagt onuň öňki «Amul» adyny görmek bolýar. Şäher şahristandan (berkitmeli merkezi bölek), ullakan arkdan (içki galadan) we senetçilik hem ýaşaýyş ýerlerinden (rabatdan) ybarat bolupdyr. Şahristan 9 gektara çenli meýdany bolan dörtburçluk bolupdyr. Ol paksow massiwinde ýerleşmek bilen, daş-töweregindäkilerden 21 24 metr beýiklikde howalanyp dur. Ark galanyň demirgazyk-günbatar burçunda gurlup, beýikligi 33 metr bolupdyr. Amul şahristanyny gurşaýan rabadyň meýdany 150 175 gektardan geçipdir. IV asyrdan başlap, şäheriň taryhynda çökgünlik zolagy görünýär, V VII asyrlardaky ýaşaýşy barada bolsa arheologik tapyndylar ýok. Araplar basyp alandan soň, Amul täzeden dikeldilýär we IX asyrda iň uly halkara söwda merkezleriniň birine öwrülýär, bu bolsa şäheriň depginli ösmegine goşant goşýar. Bu ýerde Günbatardan Gündogara (Merwden Buhara we ondan aňryk Hytaýa), şeýle hem Demirgazykdan Günorta (Gürgençden Balha, soňam Hindistana çenli) gidýän kerwen ýollary kesişýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bir nokady bolupdyr. Onuň ömrüniň indiki möhüm tapgyry XV asyrda başlanýar. Birnäçe asyryň dowamynda ol Buhara emirliginiň düzümine girip, Amyderýanyň güzerinde strategik ähmiýetli nokat bolup hyzmat edipdir. Geçen asyryň ýigriminji ýyllaryna çenli rabadyň we tutus şäheriň üstüne howalanyp duran Çärjew beginiň köşgüniň töweregindäki galanyň diwarlaryny görmek bolýan eken. Türkmen hünärmenleri şäherçäniň golaýynda meýdan işlerini gurap, indi birnäçe ýyl bäri bu baý arheologik materiallary öwrenýärler. Soňky döwürlerde tapylan iň gyzykly tapyndylar barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurgözel Saryýewna Bäşimowa saýtymyzyň habarçysyna şeýle gürrüň berdi: Maksatnamanyň çäginde Ýaşaýyş mähellesiniň gazuw-agtaryş işlerinde uly aşhana tapyldy. Bu jaýyň nahar bişirilýän ýer bolup hyzmat edendigine köp mukdardaky kül, iri we ownuk haýwanlaryň köpsanly süňk bölekleri, şeýle hem köp sanly keramika önümleri şaýatlyk edýär. Gazuw-agtaryş işleriniň barşynda gyzykly tapyndylaryň üsti açyldy: mysal üçin, içki galanyň ýokarky, giçki gatlagynda orta asyr döwrüne degişli syrçaly keramikanyň bölekleri tapyldy, ýöne, umuman alanyňda, içki galanyň tapyndylary giçki döwre degişlidir. Içki galanyň ilkinji gazuw-agtaryş işlerinde Içki galada geçirilen ikinji gazuw-agtaryş işinde toýun möhür tapyldy.Onuň ýüzünde uly burma şahly ajaýyp haýwan, ähtimal sugun, şekillendirilipdir. Sugunyň töwereginde bolsa ýelmeme tegelek toýun nyşanlar ýerleşdirilipdir. Möhüriň diametri 5 sm, tutawajynyň Pyýalalar hytaý farfor «celadonlaryna» öýkünme aýratyn gyzyklanma döredýär, olaryň düýbüniň daş ýüzünde hytaý ierogliflerine öýkünme ýerleşdirildi. Şurfuň aşaky gatlagynyň IX XIII asyrlara degişlidigini aýna we zikgelenen keramika tapyndylary subut edýär. Aýna bölekleriniň arasynda grafiniň guýguçly bokurdagy bar. Ýene-de bir gyzykly tapyndy bu, diametri 25 sm bolan möhürlenen toýun gapakdyr. Gapagyň tutawajynyň töweregindäki giň zolaga gaýtalanýan relýef şekilleri fantastik haýwanyň penjesindäki towşan zikgelenip salnypdyr. Aşak gatlaklaryň senesini anyklamak üçin, çukuryň gazuw işlerini dowam etdirmek alymlaryň indiki meýilnamalarydyr. Roman Teplýakow |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |