![]() |
![]() | ![]() Halkara ylmy hyzmatdaşlygy osdurip |
|
||||||
| ![]() |
![]() |
![]()
|
![]() |
![]() 2021-10-27 «Türkmenistan» gazeti, Halkara ylmy hyzmatdaşlygy osduripBerkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylmyň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine gönükdirip, Türkmenistan iri halkara guramalar bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy berkidýär. Halkara ylmy mümkinçilikleriň ösdürilmegi gönüden-göni ylmy merkezleriň, ylmy-barlag institutlaryň özara hereket etmegine, degişli ugurlar boýunça alymlaryň we bilermenleriň bilelikde iş alyp barmaklaryna baglydyr. Halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagta çenli Tehnologiýalar merkezi Ýaponiýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Belarusuň degişli ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şonuň ýaly-da ABŞ-nyň, Russiýa Federasiýasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Italiýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň ylmy-barlag institutlary we ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygyny Ozal baglaşylan ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk barada Şertnama esasynda şu ýylyň TYA-nyň Tehnologiýalar merkezi bilen Koreýanyň Ýer we geogiňişlik maglumatlary korporasiýasynyň arasynda ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk babatynda Özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmek maksadyndan ugur alnyp, koreý alymlary bilen «Ösümlikleriň, topragyň spektral bibliotekasyny (signatura) döretmek we tebigy obýektleriň (ösümlik we toprak) spektral häsiýetnamalaryny hasaba alyp, ýeri uzak aralykdan zondirlemek arkaly, maglumatlary almak we işläp taýýarlamak» atly bilelikdäki pilot taslamasyny ýerine ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly halkara ylmy maslahatyň çäklerinde, Hytaý Halk Respublikasynyň Huaçžung Oba hojalyk uniwersitetiniň hemde TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň Biotehnologiýalar barlaghanasynyň alymlarynyň gatnaşmagynda şu ýylyň Halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk ylmy we tehniki meseleleriň ösüşini, ylmy üstünlikler babatda özara pikir alyşmalary, tejribeli, ökde hünärmenleri taýýarlamak ýaly wezipeleri öz içine alýar. Tehnologiýalar merkeziniň alymlary Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty, Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara guramalar tarapyndan göni wideoaragatnaşyk arkaly guralan okuw maslahatlaryna, bäsleşiklere gatnaşýarlar. Häzirki wagtda TYA-nyň goldaw bermeginde Tehnologiýalar merkezini Tehnoparklaryň we innowasion ösüş zolaklarynyň halkara assosiasiýasyna agzalyga girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu we beýleki abraýly halkara ylmy guramalara agza bolunmagy türkmen alymlarynyň halkara derejedäki ylmy-barlaglara gatnaşmagyna mümkinçilik berer. Elbetde, ylmy hyzmatdaşlygyň çäklerinde hünärmenlerimiziň we alymlarymyzyň daşary ýurtlarda tejribelik geçmegi derwaýys ylmy derňewleri alyp barmaga ýardam berýär. Şeýle tejribeliklerden soňra, merkezi barlaghana tarapyndan suwy arassalamak üçin ulanylýan kompozit materiallaryny almagyň esaslary öwrenildi. Täze maddalary sintezlemegiň tehnologiýasy barlaghanasynda gurluşyk, dokma, himiýa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde ulanylýan ýerli materiallaryň fiziki-himiki häsiýetleri öwrenildi. Ýapon hünärmenleri bilen bilelikde geçirilen ylmy tejribäniň netijesinde, ýerli kwars çägesini ulanmak arkaly kremniniň dioksidini almagyň mehaniki-himiki usuly işlenip düzüldi. Hormatly Prezidentimiz Alym Prezidentimiziň ylym ulgamynyň öňünde goýan bu aýdyň wezipeleri biziň geljekki ylmy barlaglarymyz üçin ýolgörkeziji bolar. TYA-nyň Tehnologiýalar merkezi hem özüniň ähli düzüm birlikleriniň işjeň gatnaşmagynda alyp barýan ylmy-barlaglarynyň hilini ýokarlandyrmak, daşary ýurtly alymlar bilen milli ylym ulgamy üçin derwaýys ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrmak boýunça ähli zerur çäreleri durmuşa geçirer. Ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi babatda ýadawsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! Nabat ATAÝEWA, |
![]() |
![]() |
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy |