Habarlar

BIOTEHNOLOGIÝALAR — GELJEGI ULY UGUR

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2021-10-22

«Türkmenistan» gazeti,
2021-10-21

BIOTEHNOLOGIÝALAR — GELJEGI ULY UGUR

Berkarar döwtetimiziň bagtyýariyk döwründe milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmakda hem-de ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýaiar uniwersitetinde hem bu ugurda döwrüň talabynalaýyk işler alnyp barylýar. Uniwersitetde biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň Gözellik biotehnologiýasy Genetika we biotehnologiýa, Ekologik biotehnologiýa ýaly birnäçe ylmy-önümçilik merkezleri hereket edýär. Olar fakultetleriň ähli ugurlarynda okaýan talyplara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, amaly we tejribe taýdan hilini ýokarlandyrmaga, bu ugurdan okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdiňlendir.

Häzirki zaman tehnologiýalar ulgamynda öňdebaryjy maglumat tehnologiýalary, nanotehnologiýalar bilen bir hatarda biotehnologiýalar hem uly orun eýeleýär. Topragyň ekologik ýagdaýy, suw bilen üpjünçiligi, azyk howpsuzlygy ýaly, adamzat bähbitli meseleler hemişe döwlet derejesinde üns merkezinde saklanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Altyn asyr» Türkmen köli, sebitiň biologik dürlüligi, ekologik ýagdaýy hem-de ýakyn geljekde ony özleşdirmegiň, ösdürmegiň ýollary bilen içgin gyzyklanmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Elbetde, bu meseleleri maksadalaýyk çözmekde biologiýa, biotehnologiýa, genetika, bioinženerçilik, ekologik tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenler, alymlar, şeýle-de täze tehnologiýalar we innowasiýalar zerur bolup durýar. Şu jähetden ýurdumyzda ylym-bilim ulgamlaryny ösdürmäge, döwrebaplaşdyrmaga, olaryň önümçilik bilen arabaglanyşygyny berkitmäge, hünärmenleriň bilimini we başarnygyny hilini ýokarlandyrmaga, adam kapitalyny we bilimleriň ykdysadyýetini kemala getirmäge aýratyn üns berilýär.

Bu ugurdan bilim-tälim alýan talyplar ýurdumyzyň biologik dürlüligini, ekologiýasyny, tebigy baýlyklaryny öwrenýärler, «ýaşyl» ykdysadyýet, «ýaşyl» inženerçilik, «ýaşyl» himiýa, innowasiýalaryň ykdysadyýeti ýaly dersleri özleşdirýärler. «Ýaşyl» ykdysadyýet täze tehnologiýalary ulanmagyň esasynda uglerodyň zyňyndylaryny azaltmaga, howanyň arassalygyny, ekologik abadançylygy saklamaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň dürli klimat we ekologik aýratynlyklary, ýagny howanyň temperaturasynyň we çyglylygynyň, Günüň şöhlesiniň möçberiniň pasyllara görä uly aralykda üýtgemegi, çöllük, daglyk, takyrlyk, subtropik, deňiz, derýa ýaly ekologik zolaklaryň bolmagy giň möçberli, gaýtalanmaýan biologik dürlüligi emele getirýär. Şeýle giň gerimde üýtgeýän şertlere uýgunlaşan janly bedenler, ýagny haýwanlar, guşlar, ösümlikler, mikrobedenler dürli görnüşli maddalary öndürmekde «janly çeşme» bolup durýar. Zerur şertleri döretmek arkaly, janly bedenleriň kömegi bilen, islendik ýokary hilli biologik işjeň maddalary öndürip bolýar. Şeýle hadysalary ylmy taýdan öwrenmegiň esasynda adamyň ýaşaýşy üçin wajyp maddalary öndürmegiň biotehnologiýasy işlenip taýýarlanylýar.Ol maddalar, esasan, derman, oba hojalyk, azyk senagatlarynda, tebigaty goramakda, bioenergetikada giňden ulanylýar. Ýurdumyzyň biodürlüligini, her bedeniň biologik aýratynlyklaryny ulanmak bilen, innowasion biotehnologiýalar arkaly täze biosenagaty we bioenergetikany döretmek hem-de olaryň esasynda köp girdeji berip biljek, ekologik taýdan amatly bioykdysadyýeti kemala getirmek, ösdürmek mümkinçiligi döreýär. Bioykdysadyýet dikeldilýän bioserişdelere esaslanýan ykdysadyýetdir.

Häzirki zaman ylmynda we önümçiliginde biotehnologiýalar maýa goýumlar üçin özüne çekiji ugurdyr. Diýarymyzyň baý biodürlüligi göz öňünde tutulsa, biotehnologiýanyň we onuň bilen bagly senagatyň ýurdumyz üçin uly geljeginiň bardygy ikuçsuzdyr. Biotehnologiýalar senagat biotehnologiýasy, iýmit biotehnologiýasy, lukmançylyk biotehnologiýasy, deňiz-derýa biotehnologiýasy, ekologik biotehnologiýa ýaly toparlara bölünýär. Lukmançylyk biotehnologiýasy, esasan, täze dermanlary we waksinalary öndürmekde, keselleri molekulýar derejede anyklamakda, öýjük tehnologiýalarynyň esasynda keselleri bejermekde, adam genomyny redaktirlemekde, adam dokumalaryny ösdürip ýetişdirmekde, biopolimerleri adam bedenine ornaşdyrmakda giňden ulanylýar. Häzirki zaman lukmançylyk biotehnologiýasynda kesel döredýän hadysalara molekula we gen derejelerinde täsir etmegiň usullary peýdalanylýar. Şunda lukmançylyk biotehnologiýasynyň esasy maksady keseliň döremegini molekulýar derejede seljermek we bedeniň öz öýjüklerini, mikrobedenleriň öýjüklerini modifisirlemek arkaly olara keseli bejermek üçin gerek dermanlary öndürmek bolup durýar. Senagatda biotehnologiýalar plastmassalary, bioýangyçlary, dürli himiki maddalary, fermentleri öndürmekde, oba hojalygynda ösümlikleriň we mallaryň seçgisinde giňden ulanylýar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlarydyr talyplary hem-de Umumy we amaly biologiýa institutynyň alymlary tarapyndan içgin gyzyklanylýan, ykdysadyýeti ösdürmek üçin ýardam etjek esasy ugurlar ýurdumyzyň ösümliklerinden, haýwanlaryndan, tebigy çeşmelerinden, mikrobedenlerinden alynýan maddalaryň, biomateriallaryň biohimiki, fiziki-himiki düzümini, häsiýetlerini, gurluşyny öwrenmekden, olardan täze dermanlyk, kosmetiki, arassalaýjy biolukmançylyk önümlerini döretmekden, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutjak, bäsdeşlige ukyply önümleri taýýarlap, önümçiligi ýola goýmakdan ybarat bolup durýar.

Uniwersitetiň ylmy-önümçilik merkezleri häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, multimedia enjamlary, mikroskoplar, laboratoriýa barlaglaryny geçirmek üçin gerek bolan esbaplar bilen doly üpjün edilendir. Ýokary okuw mekdebiniň ýaş alymlarynyň ylmy işleridir gözlegleri biotehnologiýa, nanotehnologiýa, lukmançylyk serişdeleriniň senagaty, tebigy, mineral we gazylyp alynýan beýleki peýdaly serişdeleri çykarmak, gaýtadan işlemek, bioönümleri döretmek, tebigy suwlaryň, çeşmeleriň ynsan saglygy üçin peýdaly taraplaryny, olaryň önümçiligini artdyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ylmybarlag ugurlarynda jemlenendir. Ylmy-önümçilik merkezlerinde dünýä biotehnologiýalar ylmynyň wajyp meselelerine bagyşlanan maslahatlar, şeýle hem talyplar üçin niýetlenen, ýurduň baý tebigatyny öwrenmäge ýardam edýän ekspedisiýalar guralýar. Geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara alymlar, mugallymlar, ýaş zehinler, ylmy derňewleri alyp barýan hünärmenler, ylmy merkezleriň we institutlaryň wekilleri gatnaşyp, döwrüň derwaýys meseleleri barada çykyş edýärler, pikir alyşýarlar, täze taslamalary hödürleýärler. Ylmyönümçilik merkezlerinde dünýä bazarlarynda barha isleg artýan biotehnologiýa harytlaryny öndürmek göz öňünde tutulýar, önümler alternatiw ýollar arkaly barlanýar. Öňde durýan maksatlaryň biri-de bakalawrlaryň, magistrleriň nazary we amaly sapaklarynyň netijeli geçmegini gazanmakdan, möhüm bioönümleriň kriokonserwasiýasyny, önümçiligini kämilleşdirmekden, professor biolog-mugallymlar, talyplar bilen täze ylmy açyşlary ýerine ýetirmekden ybaratdyr.

Türkmen topragy şypaly köllere baýdyr. Biotehnologik baýlyklar bilen bagly ýerler ýurdumyzyň islendik künjeginde bar. Ýurdumyzyň şypahanalary tebigy aýratynlyklary bilen dürli dertlere melhem bolup, diňe özümizde däl, eýsem, bütin dünýäde meşhurdyr. «Mollagara» şypahanasynda bejerişde peýdalanylýan, düzümi sulfid himiki elementli palçyk ýokary bejerijilik häsiýetine eýe bolup, onuň duzly mineral suwunyň şerebesi natriý, kalsiý hloruna, magnä hem-de broma baýdyr. Kölleriň duzly suwunyň himiki elementleriniň mukdary ýylyň paslyna görä üýtgeýär. Şol sebäpli onuň reňkiniň güýzde melewşe, gyşda mawy, ýaz aýlary gara-goňur öwüsýän ýaly täsin, bejeriji taraplaryny öwrenip, täze-täze önümleri öndürmek öňde goýlan esasy maksatlaryň biridir.

Ýurdumyzda biotehnologiýalar bilen bagly meseleleri ylmy taýdan çözmekde alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby alymlar üçin gymmatly gollanmadyr. Bu kitabyň XIII tomunyň hem çap edilmegi mugallymlary, talyp ýaşlary örän begendirdi. Keselleri bejermekde kitapda teklip edilýän ösümlikleriň düzümindäki biologik işjeň maddalaryň önümçiligini ýola goýmak hem-de olardan ýokary netijeli derman serişdelerini, iýmit önümlerini öndürmek ykdysady taýdan örän girdejilidir. Uniwersitetiň biotehnologiýa ylmy-önümçilik merkezinde mugallymlar we talyplar ene topragymyzdaky dermanlyk ösümlikleri öwrenip, birnäçe ylmytaslama işlerini ýerine ýetirýärler. Merkezde talyplar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutjak, bäsdeşlige ukyply bolan ýokary hilli önümleri taýýarlaýarlar, olary öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny öwrenýärler. Ylmy-önümçilik merkezinde öwrenilýän üzärlikdir ajy ýowşan melhemlik ähmiýeti bilen has-da tapawutlanýar.

Milli ylym-bilim ulgamyny döwrebap derejede özgertmek, ony dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň derejesine çykarmak babatda uly mümkinçilikleri döredip berýän döwlet Baştutanymyza hoşallygymyz çäksizdir.

Altyn RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inzener-tehnologiýdlar uniwersitetiniň mugallymy.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2021, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy