Habarlar

SEMZEK — TEBIGY MELHEM

Baş sahypaYlymlar akademiżasy
Maglumat
Habarlar
Baş sahypa  Bize hat żaz  Atgarma
RSS 

Döwlet ylmy-tehniki syýasaty
Ylmy dolandyrmak we ylmy-barlag işleri guramak
Maglumat
Taslamalar

Peýdaly baglanyşyklar
Merkezi ylmy kitaphanasy
Arhiw




|< < Spisok > >| 

2021-08-22

Türkmenistan gazeti,
2021-08-21

SEMZEK — TEBIGY MELHEM

Ynsan ýaşaýşynyň bütin dowamynda ösümlikler, hususan-da, dermanlyk ösümlikler aýratyn orun tutýar. Sahawatly toprasymyzyň her bir künjeginde melhemlik häsiýetleri bolan ösümlikler siňden ýaýrandyr. Olaryň biri hem alym Arkadasymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň I jildinde düýpli ylmy maglumatlar arkaly beýan edilýän semzekdir.

Semzek süýrgült galyň, ter ýaprakly, ýogyn, etlek baldaklary gyzylymtyl reňkli ösümlik bolup, ýere ýazylyp, dikligine (10-50 sm) we ýaýbaň ösýän birýyllyk ösümlikdir.

Bu ösümligiň watany Hindistan hasaplanýar. Onuň dünýäde 600-e golaý görnüşi duşýar. Uly gülli semzekleriň maşgalasynyň 100-e golaý görnüşi tapawutlandyrylýar. Hytaýda semzek «ölmeýän, baky ösümlik» diýlip atlandyrylýar. Meşhur hytaý şahyry Go Možo özüniň adybir goşgusyny oňa bagyşlapdyr. Özbegistanda semzek «gülbiýar» diýlip atlandyrylyp, onuň dürli güllere beslenýän görnüşleri medeni zolaklary bezemek üçin hem ulanylýar. Türkiýede ol «semiz oty» diýlip atlandyrylýar hem-de ir döwürden bäri türk aşhanasynyň aýrylmaz bölegi hasaplanýar. Orta asyrlaryň arap şygryýetinde «mübärek ot» diýlip, onuň artykmaçlyklary taryplanypdyr. Ermenistanda bu ösümlik «dandur» diýlip atlandyrylyp, ermeni aşhanasynda gadymy döwürlerden bäri giňden ulanylýar. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda semzegiň aşhanalaryň esasy witaminli önümi bolandygyny hem ýatlamalydyrys.

Semzegi dermanlyk serişde hökmünde ulanmak öz gözbaşyny lukmançylygyň atasy hasaplanýan Gippokratdan (Bukrat Hekim), Abu Ali ibn Sinadan (Lukman Hekim) alyp gaýdýar. Bejergi üçin ösümligiň kökünden başga hemme bölekleri — baldagy, şahasy, ýapraklary, gülleri we tohumy ulanylýar. Halk lukmançylygynda agyryny aýryjy, gan akmasyny togtadyjy, ötdür peşew ýollaryny arassalaýjy, süýjini peseldiji, ýarany tiz bitiriji serişde hökmünde bellidir.

Semzegiň himiki düzümi, ondaky işjeň maddalaryň köpdürlüligi onuň giň bejeriji täsirini üpjün edýär. Soňky döwrüň ylmy barlaglary bu ösümlikde ýürek üçin zerur bolan turşynyň bardygyny ýüze çykardy.

Semzegiň bedeniň immun ulgamyny ýokarlandyryjy, aşgazanasty mäzde insuliniň bölünip çykarylmagyny sazlaýjy, gan akmasyny togtadyjy, peşew çykaryjy, ýara bitiriji, içi ýumşadyjy ýaly birnäçe bejerijilik häsiýetleriniň bardygy sebäpli, bu melhemlik ösümligi lukmançylyk ylmynyň degişli kadalaryna laýyklykda, kesgitli möçberde, zerurlygyna görä iýip-içmek, ýapgy görnüşinde ulanmak maslahat berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, onuň pes kaloriýaly, ýürek gan-damar ulgamyna, uglewod çalşygyna, iýmit siňdiriş ulgamyna oňaýly täsirleri göz öňünde tutulyp, ýürek keselli, süýjüli diabetli näsaglara semzek naharyň ýanyndan, şeýle hem guşlukda ýa-da agşamlykda ýüregiň ýygrylma ýygylygyny sazlaýjy, ganyň düzümindäki süýjini peseldiji serişde hökmünde kabul etmäge amatly hem peýdaly serişde hasaplanýar.

Semzekli buglama, somsa, börek, çorba il içinde bellidir, ol şeýle hem terligine gaýnag suwa ýatyrylandan soň, beýleki gök-bakja önümleri bilen garyşdyrylyp, işdäaçar hökmünde ýa-da sogan, sarymsak bilen duza ýatyrylan görnüşinde naharyň ýanyndan iýilýär.

Watanymyzyň tebigatynyň bize eçilen dermanlyk ösümliklerine aýratyn üns berip, ýurdumyzyň fitoterapiýa ylmyny belentliklere galdyrýan, «11 saglygy — ýurt baýlygy» diýen ajaýyp ýörelgäni durmuşa geçirmekde taýsyz tagalla edýän alym Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Mämmetberdi ELÝASOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň lukmançylyk ylymlary bölüminiň müdiri,
lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.



|< < Spisok > >| 
e-mail: ast.info@science.gov.tm © 2003-2022, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy